Aşgabatda “Türkmentel-2023” halkara sergisi we ylmy maslahaty geçirilýär

Aşgabatda “Türkmentel-2023” halkara sergisi we ylmy maslahaty geçirilýär
“Türkmentel-2023” atly XVI halkara sergisi we ylmy maslahaty, 2023-nji ýylyň 9-njy noýabry, Aşgabat, Türkmenistan

Aşgabat şäherindäki Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda penşenbe güni telearagatnaşyk, telemetriýa, habar beriş tilsimatlarynyň we teleradioýaýradyş enjamlarynyň “Türkmentel-2023” atly XVI halkara sergisi we ylmy maslahaty açyldy. Halkara forum anna güni hem öz işini dowam eder.

Bu waka mynasybetli Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow “Türkmentel-2023” atly XVI halkara sergisine we ylmy maslahatyna gatnaşyjylary gutlady diýip, ýurduň resmi metbugaty penşenbe güni habar berdi.

“Ösüşiň innowasion ýoluny üpjün edýän telekommunikasiýa ulgamyny kämilleşdirmekde, dünýä ähmiýetli iri taslamalary, milli maksatnamalary durmuşa geçirmekde telearagatnaşyk, telemetriýa, habar beriş tilsimatlarynyň we teleradioýaýradyş enjamlarynyň «Türkmentel-2023» atly XVI halkara sergisiniň hem-de ylmy maslahatyň ähmiýeti örän uludyr” diýlip, Türkmenistanyň döwlet Baştutanynyň gutlag hatynda bellenýär.

Şeýle hem Türkmenistanyň Prezidentiniň gutlag hatynda häzirki wagtda Türkmenistanyň telekommunikasiýalar ulgamyna täze sanly çözgütleriň ornaşdyrylýandygyny, ilata hödürleneýän aragatnaşyk hyzmatlaryň hiliniň ýokarlanýandygyny, aragatnaşyk edara-kärhanalaryny döretmäge hem-de döwrebaplaşdyrmaga düýpli maýa goýumlaryň gönükdirilýändigini, şeýle hem sanly ulgamyň işini gowulandyrmak üçin iri taslamalaryň we ylmy-tehniki özgertmeleriň alnyp barylýandygy bellenilýär.

Bu çäre Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň “Türkmenaragatnaşyk” agentligi hem-de Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy tarapyndan guraldy.

Sergä daşary ýurt kompaniýalarynyň 30-a golaýy, Türkmenistanyň hojalyk jemgyýetleriniň we hususy kärhanalarynyň, şol sanda “Türkmenaragatnaşyk” agentligine degişli düzümleriň 40-a golaýy gatnaşýar.

Sergidäki diwarlyklarda Türkmenistanyň aragatnaşyk we ýaýlyma beriş ulgamlarynyň ösüşine özleriniň goşantlaryny goşmaga ymtylýan kompaniýalar özleriniň taslamalaryny görkezýärler. Olar tele we radio beketleriniň göni we emeli hemra aragatnaşygy arkaly dünýä jemgyýetçiligine ýaýlyma bermekleri üçin döwrebap çözgütleri hödürleýärler. Şeýle hem, mobil aragatnaşyk üçin döwrebap we ýokary hilli enjamlar, maglumatlary ýokary tizlikde geçirýän tehnologiýalar, hem-de öňdebaryjy daşary ýurt kompaniýalarynyň halkara mobil aragatnaşyk torlary görkezilýär. Bu taslamalaryň ählisi häzirki zaman aragatnaşyk we internet hyzmatlary bilen üpjün etmäge gönükdirilendir.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022