Rizeniň çaý plantasiýalary: dünýä jahankeşdelerini özüne çekýän däpler

Rizeniň çaý plantasiýalary: dünýä jahankeşdelerini özüne çekýän däpler
Çaý plantasiýalary, Türkiýe

Türkiýä saparynyň dowamynda Türkmenistanyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri Rize şäheriniň golaýynda ýerleşýän çaý plantasiýalaryna we Çeçewa obasyna gezelenç edip, çaýy ösdürip ýetişdirmegiň ýerli usullary hem-de oba hojalyk pudagynyň ösdürilişi bilen tanyşdylar.

Türkmen wekiliýetiniň düzüminde “Biznes Türkmenistan”, “Türkmenportal”, “Orient”, “News Central Asia”, “Atawatan Türkmenistan” internet neşirleriniň, “Medeniýet we Syýahat” žurnalynyň hem-de “Türkmenistan TV4” teleýaýlymynyň wekilleri bar.

Saparda bolýanlar tebigy çaý baglaryna baryp gördüler. Bu ýerde olara Gara deňziň howa şertlerinde ulanylýan oba hojalyk tehnologiýalary hem-de çaý ýapraklarynyň ýygnalyşy we gaýtadan işlenilişi barada gürrüň berdiler.

Çeçewa obasy durnukly oba syýahatçylygynyň merkezine öwrülipdir. Bu ýerde däp bolan durmuş ýörelgelerini, ýerli aşhana we senetçilik däplerini saklamak başardypdyr. Munuň özi ekosyýahatçylygyň ösdürilmegine şert döredip, köpsanly syýahatçylary özüne çekýär.

Gara deňziň kenarýaka sebiti – bu senagat möçberlerde çaý ösdürip bolýan howasy we topragy bolan Türkiýede ýeketäk ýerdir. Gyrymsy çaý agaçlaryna bürenen ýapgyt ýerlerde ekerançylar ýörite gaýçylary ulanmak bilen elde ter çaý ýapraklaryny ýygnaýarlar. Münüp-düşmesi kyn ýerde ýerleşýändigi sebäpli ýygnalan hasyl köplenç asma ýollaryň kömegi bilen ýapgytdan aşak iberilýär. Her bir çaý agajy ýylda birnäçe gezek hasyl berýär. Birnäçe hojalyklar bolsa çaýyň ösdürilip ýetişdirilişinde himiki serişdeleri ulanmazdan tebigy usullara aýratyn ähmiýet berýärler.

2022