Kazdaglary: tokaýlaryň, kanýonlaryň we täsin görnüşleriň mekany

Kazdaglary: tokaýlaryň, kanýonlaryň we täsin görnüşleriň mekany
Kazdaglarynyň “Cam Seyir Terası” (Surat: BT)

Türkmenistanyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri Türkiýäniň Çanakkale we Balıkesir welaýatlaryna guralan saparynyň ikinji gününde sebitiň özboluşly tebigy gözellikleri bilen tanyşdylar. Maksatnamanyň çäklerinde Şahindere kanýonyna we Kazdaglaryna gezelenç guralyp, Ida dagynyň baý ösümlik dünýäsi bilen tanyşmaga, şeýle hem sebitiň gözel görnüşlerini synlamaga mümkinçilik döredildi.

Balıkesir welaýatynyň Edremit etrabynda, Altınoluk sebitiniň golaýynda ýerleşýän Şahindere kanýony dik gaýalary, tokaý bilen örtülen dag eňňitleri we tebigy landşaftlary bilen tapawutlanýar. Kanýonyň üstünde ýerleşýän aýna düşelen ýerde syn ediş meýdançasy — “Cam Seyir Terası” bolsa, bu ýere gelýän syýahatçylara belentlikden daş-töweregi synlamaga mümkinçilik berýär. Aýna düşelen meýdançadan kanýonyň çuňlugyny, Kazdaglarynyň tokaýly eňňitlerini we Edremit aýlagynyň giň görnüşini synlamak bolýar.

Gezelenjiň dowamynda gatnaşyjylar Ida dagynyň ösümlik dünýäsi bilen hem tanyşdyryldy. Kazdaglary dürli beýikliklerde ösýän agaçlary, tokaýlary we ösümlik görnüşleriniň köpdürlüligi bilen tanalýar. Sebitiň geografik aýratynlyklary hem-de dürli howa şertleriniň täsiri onuň biodürlüliginiň baý bolmagyna şert döredýär.

Saparyň ýatda galyjy pursatlarynyň biri hem ýerli ilatyň arasynda “Ağlayan Ağaç” diýlip atlandyrylýan agajy görmek boldy. Tebigy ýerler bilen gyzyklanýan syýahatçylar üçin şeýle özboluşly nokatlar gezelenjiň täsirini artdyrýar. Şeýle-de sapara gatnaşyjylar aýna syn ediş meýdançasyna baryp, tebigatyň gözelligini synlamaga we ýadygärlik suratlaryny düşürmäge mümkinçilik aldylar.

Kazdaglarynyň tokaýlary, kanýonlary we belentliklerden açylýan panoramaly görnüşleri Çanakkale bilen Balıkesir sebitleriniň tebigy syýahatçylyk mümkinçiliklerini açyp görkezýär. Bu ýerler tebigat bilen ýakyndan tanyşmak, arassa howada dynç almak we Türkiýäniň Egeý sebitiniň özboluşly landşaftlaryny görmek isleýän syýahatçylar üçin özüne çekiji ugurlaryň biridir.

2022
ENG TM РУС