Köýtendag döwlet goraghanasynyň çäklerinde geçirilen gözlegleriň netijesinde Beýik Britaniýanyň guşlary goramak boýunça Patyşalyk jemgyýeti (GGBPJ) “Pensoft” neşirýaty bilen bilelikde giň göwrümli hasabat çykardylar. “Pensoft”-yň metbugat beýanatyna görä, bu kitap Geof Welç (GGBPJ) we Bolgariýanyň milli tebigat taryhy muzeýiniň professory Pawel Stoýew tarapyndan redaktirlendi. Häzirki wagtda “Advanced Book” elektron kitap ulgamyna ýerleşdirilen kitabyň ýakynda Rus dilindäki görnüşiniň hem çykmagyna garaşylýar.
Kitap Köýtendagyň biodürliligini sekiz bölümde seljerýär – ösümlik dünýäsi, ýeriň ýüzünde ýaşaýan oňurgasyzlar, gowak faunasy (haýwanat dünýäsi), balyklar, amfibiýalar, süýrenijiler, guşlar we süýt emdirijiler. Şeýle hem kitapda sebitiň ýerli jemgyýetler we gowak faunasy üçin ähmiýetli bolan gidrogeologiýasyny seljerýän aýratyn bölüm ýerleşdirilen.
Hasabatyň jemleýji bölüminde Köýtendagda tutuş Günorta Ýewraziýa sebitinde iň uly ýerasty kölüň tapylandygy bellenilýär. Bu bölümde diňe Köýtendagda ýetişýän 48 görnüş ösümlik barada hem aýdylýar. Gözlegleriň netijesinde Köýtendagda içýanyň we möýüň dünýäde ilkinji gezek gabat gelinýän görnüşleri ýüze çykarylýar. Kepderihana gowagynda dünýäde diňe Köýtendagda ýaşaýan 3-9 millimetr aralygyndaky ýerasty jandary tapylýar, “Turkmenocampa mirabilis” ady bilen ylyma geçirilýär.
“GGBPJ bilen Türkmenistanyň arasyndaky hyzmatdaşlyk Özara düşünişmek baradaky ylalaşygyň esasynda 2004-nji ýyldan bäri dowam edýär. Bu döwrüň dowamynda ýurduň dürli ýerlerinde başarjaň ýerli hünärmenler bilen işleşmäge mümkinçiligimiz boldy. Köýtendagdaky işimiz biodürlilik babatynda gözlegleri alyp barýan halkara alymlaryň ünsüni çekdi. ÝUNESKO-nyň bütindünýä sanawyna goşulmaga dalaşgär hökmünde, Köýtendag döwlet goraghanasyny tanatmakda we gözlegleri alyp barmakda türkmen halky bilen hyzmatdaşlygymyzy dowam etdireris” diýip, GGBPJ-niň Merkezi Aziýa boýunça ösüş hünärmeni Stefani Ward beýanatda belläp geçýär.
GGBPJ 2013-nji ýyldan bäri Köýtendagyň özboluşly tebigatyny goramak üçin birnäçe ylmy ekspedisiýalary gurnady we goldaw berdi.
Türkmenistanyň günorta-gündogarynda ýerleşýän Köýtendag döwlet goraghanasy Merkezi Aziýada özboluşly ýerleriň biri bolup durýar. Köýtendag döwlet goraghanasy Hojapil, Garlyk we Hojaburjybelent çäkli goraghanalary bilelikde sebitiň tebigy gurşawyny goramak, tebigat bilen artýan ykdysady hereketliligiň arasyndaky ekologik deňagramlylygy saklamak maksady bilen 1986-njy we 1990-njy ýyllar aralygynda esaslandyryldy.
Kitapda gözleg işleriniň dowamynda düşürilen suratlara ýer berildi.