El işleriniň bazary

Şenbe güni Aşgabat şäherinde ýerleşýän “Bagtyýarlyk” söwda-dynç alyş merkezinde el işleriniň bazary geçirildi. Dürli görnüşli bezegler, el nagyşlary ýerleşdirilen torbalar, şekillendiriş we zergärçilik sungaty bilen meşgullanýanlaryň eserleri bu bazaryň esasy harytlary boldy. Türkmen milliligini öňe çykarýan el işi önümlerine alyjylar tarapyndan gyzyklanma bildirildi.