Tebigy gaz durnukly energiýa geçmek üçin "köpri" bolar

Tebigy gaz durnukly energiýa geçmek üçin "köpri" bolar

Türkmenistanyň Söwda senagat edarasynda “Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2019” atly 24-nji halkara maslahaty öz işine başlady.

Açylyşda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň orunbasary Myratgeldi Meredow çykyş etdi. Meredow çykyşynda bu halkara maslahatyň Türkmenistan bilen halkara kompaniýalaryň arasyndaky hyzmatdaşlygy ýokarlandyrjakdygyny beýan etdi.

Maslahatyň açylyş sessiýasy halkara energiýa bazarynyň ösüşi we bu ugurdaky hyzmatdaşlyk meselelerini üns merkezine aldy. “Gaffney, Cline & Associations” kompaniýasynyň prezidenti Natan Mihanyň mo alyp baryjylygynda geçirilen sessiýada “Türkmengaz” döwlet konserniniň başlygynyň orunbasary Guwanç Agajanow, “Socar” kompaniýasynyň prezidenti Rownag Abdullaýew, “Vitol Group”-yň direktory Rassel Hardi, CNPC kompaniýasynyň wise-prezidenti Waň Žongçaý we Bütindünýä bankynyň nebit-gaz meseleleri boýunça uly eksperti Aleksandr Hardeman çykyş etdi.

Çykyşynyň dowamynda halkara maslahatyň işine dünýäniň 100-den gowrak kompaniýasynyň wekilleriniň gatnaşýandygy barada maglumat beren Guwanç Agajanow Türkmenistanda daşary ýurt kompaniýalary üçin maýa goýum mümkinçilikleriniň ýokarlanýadygyny beýan etdi. Bütindünýa energiýa bazarynyň esasy ugurlary barada belläp geçen Agajanow Türkmenistanyň gaz geçiriji ulgamynyň mümkinçilikleri barada aýdyp berdi.

Hazar deňziniň hukuky ýagdaýyny kesgitleýän konwensiýanyň, şeýle hem awgust aýynda geçirilen birinji Hazar ykdysady forumynyň ýurtlaryň arasyndaky hyzmatdaşlyga ýetiren täsirini teswirlän “Socar” kompaniýasynyň prezidenti Rownag Abdullaýew Günorta gaz geçelgesine gatnaşyjy ýurtlaryň ministrleriniň ýylda geçirilýän ýygnagyna Türkmenistanyň hem gatnaşmagyny Hazarýaka ýurtlarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy ýokarlandyrýandygyny aýtdy.

Abdullaýew nebit-gaz ulgamynda hereket edýän türkmen edaralary we kompaniýalary bilen hyzmatdaşlygy ösdürmek maksady bilen “Socar Trading” kompaniýasynyň Türkmenistanda şahamçasyny açmaga taýyndygyny beýan etdi.

“Gaffney, Cline & Associations” kompaniýasynyň prezidenti Natan Mihan uglerodyň gözegçiliginde bütindünýäde alnyp barylýan hereketler barada çykyş etdi. Klimatyň üýtgemegine garşy alnyp barylýan işleriň gaýtadan dikeldilýän energiýa serişdelerine goýberilýän maýa goýum möçberini artdyrýandygyny belläp geçen Mihan ABŞ-da tebigy gazyň önümçiliginiň artmagy bilen ýurtda howa goýberilýän uglerod derejesiniň azalandygyny aýtdy.

Hytaýyň howa goýberilýän kömürturşy gazyny azaltmakda tebigy gazy import etmek arkaly islendik tehnologiýa görä gowy netije aljagyna ünsi çeken Mihan gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerine ymtylýanlaryň has durnuky gelejege geçmek üçin tebigy gazyň “köpri” wezipesini ýerine ýetirjekdigini kabul edendiklerini belledi.

Maslahatyň birinji güni bar bolan nebit-gaz ýataklaryny kämilleşdirmek we daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek temasyna üns merkezine alan sessiýa bilen dowam etdi.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022