Türkmen telekeçileriniň sergisinde hususy pudagyň ýeten sepgitleri görkezilýär

Türkmenistanyň hususy pudagynyň wekilleriniň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň (TSTB) döredilmeginiň 12 ýyllygy mynasybetli guraýan sergisi sişenbe güni öz işine başlady.

Aşgabat şäherinde ýerleşýän Söwda-senagat edarasynda başlan iki günlük sergi Birleşmäniň agzalarynyň häzirki güne çenli ýeten sepgitlerini görmek üçin meýdança bolup durýar.

Birleşmäniň agzalarynyň sergi bilen ugurdaş maslahaty hem geçirilýär.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow TSTB-niň döredilmeginiň 12 ýyllygy mynasybetli sergä we agzalaryň maslahatyna gatnaşyjylara iberen gutlag hatynda Türkmenistanyň durmuş-ykdysady taýdan depginli ösüşlerinde, düýpli özgertmelere esaslanýan döwlet maksatnamalarynyň üstünlikli durmuşa geçirilmeginde hususy pudagyň paýynyň örän uludygyny belleýär.

“Ýurdumyzyň senagatçylarynyň we telekeçileriniň sergisi döwletimiziň ykdysadyýetini diwersifikasiýa we innowasiýa ýoly bilen ösdürmekde, ähli pudaklary we ýurdumyzyň sebitlerini sazlaşykly ösdürmekde, daşary ýurtlardan getirilýän önümleriň ornuny tutýan döwrebap önümçilikleri döretmekde we ýurdumyzyň eksport kuwwatyny pugtalandyrmakda milli ykdysadyýetimiziň hususy bölegine aýratyn orun degişlidir” diýip, türkmen Lideri gutlag hatynda beýan edýär.

Şeýle-de döwlet Baştutany “Milli ykdysadyýetimiziň kuwwatyny has-da artdyrmaga, bazar gatnaşyklaryny kämilleşdirmäge, hususan-da, ykdysadyýetiň döwlete dahylsyz pudagyny çalt depginler bilen ösdürmäge mundan beýläk-de uly üns berip, ýurdumyzyň telekeçilerine goldaw bermegi dowam etdireris” diýip belleýär.

Türkmen telekeçileri oba hojalygy, senagat önümçiligi, hyzmatlar, tehnologiýalar, azyk önümleriniň önümçiligi, programma üpjünçiligi boýunça ýerine ýetirýän iş ugurlary bilen sergä gelenleri tanyşdyrýarlar.

2022