Aşgabatda "Olimpiýa günleri" geçirildi

Aşgabat şäherinde ýekşenbe güni "Olimpiýa günleri" ady bilen aýdym-sazly sport çäresi geçirildi. Oňa ýurduň tanymal bagşylary we türgenleri gatnaşyp öz ussatlyklaryny görkezdi. "Berkarar" söwda-dynç alyş merkezinde geçirilen dabara köp sanly tomaşaçy gatnaşdy.

"Olimpiýa güni" Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrligi, Milli olimpiýa komiteti we Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýeti tarapyndan bilelikde gurnaldy.