Türkmenistanyň baş Täze ýyl arçasynda yşyklar ýakyldy

Ýurdumyzyň baş arçasynda köpöwüşginli yşyklar ýakylyp, hemmeleriň söýýän hem-de sabyrsyzlyk bilen garaşýan, jadyly we syrly, şadyýan hem-de hoşniýetli Täze ýyl baýramynyň ýakynlaşyp gelýändigini habar berdi.

TDH-nyň sişenbe güni habar berşi ýaly, asylly däbe görä, “Älem” medeni-dynç alyş merkeziniň öňündäki meýdança Täze ýyl dabaralarynyň merkezine öwrüldi. Şol ýerde ýurdumyzyň iň belent, bezegli arçasy ornaşdyryldy hem-de erteki şäherçesi ýaýbaňlandyryldy.

Depesinde “2021” ýazgyly sekizburçly ýyldyz ornaşdyrylan owadan arçanyň beýikligi 41 metre, ini bolsa 16 metre barabardyr.

Dürli reňklerde öwşün atýan şarlar, monjuklar, oýnawaçlar, çyrajyklar bilen bezelen arça ýetip gelýän Täze ýylyň özboluşly nyşanlarynyň birine öwrüldi. Tutuş dünýä oňa gowulyk, täzeleniş, saglyk baradaky iň gowy arzuw-niýetler bilen garaşýar.

Paýtagtymyzdaky owadan arçanyň yzysüre welaýatlarda, ýurdumyzyň şäherleriniň we obalarynyň baş meýdançalarynda ornaşdyrylan Täze ýyl arçalarynyň ählisi täsin yşyklar bilen öwşün atyp başlady.