Türkmen türgeni agyr atletikada dünýä çempiony boldy

Türkmenistanyň Prezidenti, Milli Olimpiýa komitetiniň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow çarşenbe güni paýtagtymyzdaky Olimpiýa şäherjiginde türkmen türgeni Ýulduz Jumabaýewa 2018-nji ýylda Aşgabatda geçirilen Agyr atletika boýunça dünýä çempionatynda mynasyp bolan altyn medalyny gowşurdy. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.

Halkara Agyr Atletika federasiýasy (IWF)  çempionatyň netijelerine gaýtadan seredenden soňra, türkmen türgenini 45 kilograma çenli agram toparynda bu ýaryşyň ýeňijisi hökmünde kesgitledi.

Olimpiýa şäherjiginiň Başa-baş söweş sungaty sport toplumynda geçirilen dabaraly çärä Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzalary, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalaryň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriň ýolbaşçylary, ýokary okuw mekdepleriň rektorlary we türgenler gatnaşdylar. Bu çärä daşary döwletleriň ýurdumyzda hereket edýän diplomatik missiýalarynyň hem-de halkara guramalarynyň ýolbaşçylary we wekilleri hem gatnaşdylar.

“Biz häzir Halkara agyr atletika federasiýasy tarapyndan 45 kilogram agramdaky türgenleriň arasynda dünýäniň çempiony diýlip ykrar edilen, milli ýygyndy toparymyzyň türgeni Ýulduz Jumabaýewany sylaglamak üçin ýygnandyk” diýip Döwlet Baştutanymyz aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, Milli Liderimiz bu türgeniň ýaryşda iki sany altyn medala mynasyp bolup, sportuň bu görnüşi boýunça dünýä rekordyny goýandygyny aýratyn  belledi.

Habarda bellenilişi ýaly, IWF-iň prezidenti doktor Maýkl Irani sanly wideoaragatnaşyk arkaly Halkara agyr atletika federasiýasynyň, Halkara barlaglar agentliginiň we Bütindünýä antidoping agentliginiň bilelikde sportuň arassa we adalatly bolmagy üçin dopinge garşy göreşde uly tagallalary edýändigini, şeýle hem Türkmenistanyň bu ugurda işjeňlik  görkezýändigini nygtady.

Şeýle hem paýtagtymyzdaky Olimpiýa şäherjiginiň “Sport”  myhmanhanasynda Hormatly Prezidentimiziň degişli Permany okaldy. Oňa  laýyklykda, Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň talyby Ýulduz Jumabaýewa “Watana bolan söýgüsi üçin” diýen medaly bilen sylaglandy. Döwlet Baştutanymyzyň Buýrugyna laýyklykda, oňa 2020-nji ýylda goýberlen, ak reňkli “Lexus LX 570 Sport Plus” kysymly ýeňil awtoulagy sowgat berildi.

Mundan başga-da, dabaranyň dowamynda  Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň ýokary sport ussatlygy mekdebiniň agyr atletika bölüminiň tälimçi-mugallymy Meretguly Sähetmyradowy “Watana bolan söýgüsi üçin” medal bilen sylaglamak hakyndaky Permany okaldy.

Şeýle hem Türkmenistanyň Prezidentiniň Buýrugy bilen, tälimçi mugallym M.Sähetmyradowa halkara ýaryşlarynda baýrakly orunlary eýeleýän türgenleri taýýarlandygy üçin täze ýaşaýyş jaýynyň açary gowşuryldy.

“Sport”  myhmanhanasynda geçirilen dabaraly çärede döwlet we jemgyýetçilik işinde gazanan uly zähmet üstünlikleri üçin ýurdumyzyň daşary işler ministriniň orunbasary Berdiniýaz Mätiýewi Türkmenistanyň “Gaýrat”  medaly bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany okaldy.