Türkmenistan bilen ABŞ-nyň medeni hyzmatdaşlygynyň 20 ýyllygyna bagyşlanan sergi öz işine başlady

Türkmenistan bilen ABŞ-nyň medeni hyzmatdaşlygynyň 20 ýyllygyna bagyşlanan sergi öz işine başlady

Aşgabatda ýerleşýän Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky şekillendiriş sungaty muzeýinde “Medeni mirasy gorap saklamak üçin ABŞ-nyň Ilçileriniň gaznasy” atly maksatnamasynyň çäklerinde Türkmenistan bilen ABŞ-nyň medeni hyzmatdaşlygynyň 20 ýyllygyna bagyşlanan sergi 5-nji maýda öz işine başlady.

Bu sergi Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi we ABŞ-nyň Türkmenistandaky Ilçihanasy tarapyndan gurnaldy.

“Medeni mirasy gorap saklamak üçin ABŞ-nyň Ilçileriniň gaznasy” atly halkara maksatnama 2001-nji ýylda ABŞ-nyň Kongresi tarapyndan esaslandyrylyp, ösüp barýan ýurtlarda medeni ýadygärlikleri we tapyndylary, şeýle hem halk sungatynyň däp bolan beýleki görnüşlerini gorap saklamagy maliýeleşdirýär.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022