Türkmenbaşyda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Halkara sergisi geçirilýär

Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy halkara deňiz portynda anna güni Merkezi Aziýa ýurtlarynyň milli önümleriniň Halkara sergisi öz işine başlady. Iki günlük sergi Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygynyň çäklerinde geçirildi.

Sergä 250-ä golaý wekiller gatnaşýarlar. Olaryň arasynda oba hojalygy, azyk gaýtadan işleýän, senagat önümçiligi, gurluşyk, gurluşyk materiallarynyň we elektrik enjamlaryň önümçiligi, söwda, IT-tehnologiýalary, hyzmatlar, ulag we logistika ulgamy we halk senetçiligi boýunça işleýän hususy kärhanalar hem-de hojalyk jemgyýetleri bardyr.

Mundan başga-da, 2 müň 90 inedördül metr meýdanda ýerleşdirilen sergide Gazagystan, Özbegistan, Gyrgyzystan we Täjigistan üçin milli pawilion bölünip berildi. Özbegistan goşmaça 5 sany milli kompaniýalaryň diwarlyklaryny görkezdi.

Halkara serginiň açylyş güninde Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Baştutanlary, ýagny Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow, Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew, Gyrgyzystanyň Prezidenti Sadyr Žaparow, Täjigistanyň Prezidenti Emomali Rahmon we Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew gatnaşdylar.

Birža geleşikleriniň söwdasy hem geçirilen serginiň jemlerinde foruma gatnaşyjylaryň hemmesine degişli şahadatnamalar we minnetdarlyk hatlary gowşurylar.