Türkmenistanyň Prezidentiniň Özbegistana iki günlük resmi sapary başlady

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow duşenbe güni iki günlük resmi sapar bilen Özbegistan Respublikasyna ugrady.

Türkmenistanyň resmi metbugatynyň habar berşi ýaly, Daşkent şäheriniň Yslam Karimow adyndaky Halkara howa menzilinde hormatly Prezidentimizi özbek kärdeşi Şawkat Mirziýoýew garşy aldy.

Soňra türkmen Lideri Özbegistanyň döwlet Baştutany bilen bilelikde Mustakillik (Garaşsyzlyk) meýdançasyna baryp, Garaşsyzlyk we ynsanperwerlik ýadygärligine gül dessesini goýdy.

5-nji oktýabrda ýokary derejedäki türkmen-özbek gepleşikleri geçiriler. Onuň dowamynda Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Şawkat Mirziýoýew taraplaryň mundan beýläk-de özara bähbitli hyzmatdaşlygyň hem-de bar bolan kuwwatlyklaryň has doly durmuşa geçirilmegi boýunça mümkinçiliklere gararlar.

Özbek-türkmen ykdysady forumy Daşkentde duşenbe güni Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Özbegistana amala aşyrýan resmi saparynyň çäginde geçirildi. Forumyň çäklerinde iki ýurduň wekiliýetleri ikitaraplaýyn resminamalaryň 13-sine, şol sanda jemi 13 million 500 ABŞ dollaryna golaý bolan eksport-import amallaryny amala aşyrmak baradaky resminamalara gol çekdiler.

Forum tamamlanandan soň, aýry-aýry ministrlikleriň hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylarynyň, döwlet we hususy düzümleriň wekilleriniň gatnaşmagynda ikitaraplaýyn duşuşyklaryň birnäçesi geçirildi.

(Suratlar: Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň metbugat gullugy; Türkmenistanyň resmi metbugaty)