Serdar Berdimuhamedow: Türkmenistan metanyň zyňyndylaryny azaltmakçy

Serdar Berdimuhamedow: Türkmenistan metanyň zyňyndylaryny azaltmakçy

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary Serdar Berdimuhamedow BMG-niň Howanyň üýtgemegi boýunça Çarçuwaly Konwensiýasyna gatnaşyjylaryň Glazgo şäherinde geçirilýän maslahatynyň (COP26) 26-njy mejlisinde eden çykyşynda Türkmenistanyň metanyň zyňylmalarynyň azaldylmagyna aýratyn üns berýändigini mälim etdi.

Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň metbugat gullugynyň habar berşi ýaly, wise-premýer ählumumy Durnukly Ösüş Maksatlarynyň (DÖM) kabul edilmeginden soňra, Türkmenistanyň milli hem-de halkara derejede olaryň durmuşa geçirilmegi ugrunda işjeň hereketleri durmuşa geçirýändigini belledi.

Howanyň üýtgemegine garşy hereketleriň gün tertibinde göz öňünde tutulan maksatlara ýetmek üçin Türkmenistanda metanyň zyňylmalarynyň azaldylmagyna milli derejede aýratyn üns berilýär. “Bu ugurda biz Ählumumy Metan Borçnamalary boýunça täze başlangyçlary goldaýarys hem-de oňa doly derejede mümkin boldugyça gatnaşmak maksady bilen onuň jikme-jik öwrenilmegine gyzyklanma bildirýäris” diýip, Berdimuhammedow beýan etdi.

Şeýle hem, 2030-njy ýyla çenli ykdysadyýetiň esasy pudaklarynda bug gazlarynyň zyňylmalarynyň azaldylmagy boýunça ýurduň ýokary ähmiýetli maksatlary barada aýdyp, wise-premýer döwletimiziň ykdysadyýetiniň ähli ulgamlaryna döwrebap tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagynyň hasabyna bug gazlarynyň zyňylmalarynyň göwrümi görnetin ýagdaýda peselýändigini belledi.

Mundan başga-da, Berdimuhamedow Türkmenistan özüniň milli kanunçylyk binýadyny yzygiderli kämilleşdirmek arkaly, howanyň üýtgemeginiň bitaraplygynyň gazanylmagyna ähmiýetli goşandyny goşýandygyny aýtdy. Şunlukda, Howanyň üýtgemegi boýunça Milli strategiýa, 2030-njy ýyla çenli gaýtadan dikeldilýän energetikany ösdürmek boýunça Milli strategiýa hem-de “Gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri hakynda” Türkmenistanyň täze Kanuny kabul edildi.

Bellenilişi ýaly, wise-premýer Türkmenistanyň öz hususy serişdeleriniň, şeýle-de halkara guramalarynyň hem-de maliýe institutlarynyň tehniki we maliýe goldawynyň hasabyna orta möhletli geljekde 2030-njy ýyldan başlap, bug gazlarynyň zyňylmasynyň nol ösüşini gazanmaklygy, uzak möhletli geljekde bolsa – her ýyl zyňylmalaryň ähmiýetli derejede azaldylmagyny maksat edinýändigini aýdyp geçdi.

COP26 1-nji noýabrda Glazgoda öz işine başlady we iki hepde dowam eder. Oňa dünýäniň 120-den gowrak ýurdundan döwlet baştutanlary we hökümet agzalary gatnaşýar.

(Surat: BMG)

2022