Täjigistanyň Duşanbe şäherinde duşenbe güni “Ýewropa Bileleşigi – Merkezi Aziýa” ýurtlarynyň daşary işler ministrleriniň 17-nji ýygnagyny geçirdi. Bu barada Täjigistanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat gullugy habar berdi.
Türkmen tarapyna Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Wepa Hajiýew wekilçilik etdi.
Habarda bellenilişi ýaly, ýygnakda taraplar COVID-19-yň netijelerini, şeýle hem sebitleýin we global prosesleri göz öňünde tutup, Merkezi Aziýa ýurtlary bilen ÝB-niň arasyndaky hyzmatdaşlygyň mundan beýläkki meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.
Ýygnagyň dowamynda taraplar gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýyna we sebitleriň arasynda syýasy, söwda we ykdysady, suw we energiýa pudaklarynda, şeýle hem howpsuzlyk, terrorçylyga we ekstremizme garşy göreşde hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň geljegine garadylar. Şeýle-de daşky gurşaw, howanyň üýtgemegi we halkara hem-de sebitleýin soraglar barada pikirler alşyldy.
Ýygnaga gatnaşyjylar howpsuzlyk meselelerine garap, Owganystandaky ýagdaýa aýratyn üns berdiler. Taraplaryň bu ugurdaky, hususan-da, Ýewropa Bileleşigi tarapyndan maliýeleşdirilýän “Merkezi Aziýada we Owganystanda serhetleri dolandyrmak” (BOMCA) hem-de “Merkezi Aziýada neşe serişdelerine garşy göreşmek” (СADAP) maksatnamalaryny durmuşa geçirmek arkaly sebitiň ýurtlarynyň we Owganystanyň arasyndaky serhetleri goramak boýunça netijeli bilelikdäki tagallalary nygtaldy.
Şeýle hem, hyzmatdaşlygyň mehanizmleriniň we özara gyzyklanma döredýän beýleki meseleleriň çäginde Merkezi Aziýa ýurtlary bilen ÝB-niň arasyndaky gatnaşyklaryň geljegi barada taraplaryň arasynda konstruktiw söhbetdeşlik geçirildi.
Gyrgyzystanyň paýtagty Bişkek şäherinde noýabr aýynyň başynda ilkinji gezek ýüzbe-ýüz görnüşinde “Ýewropa Bileleşigi – Merkezi Aziýa” ykdysady forumy geçirildi. Bu ýokary derejeli mejlis ýakyn ýyllarda Merkezi Aziýada 2019-njy ýyldaky Ýewropa Bileleşiginiň (ÝB) strategiýasynyň çäginde Merkezi Aziýada geçiriljek çäreler tapgyrynyň ilkinjisi boldy.
(Surat: Täjigistanyň Daşary işler ministrligi)