Raşid Meredow Tähranda eýranly kärdeşi bilen duşuşdy

Raşid Meredow Tähranda eýranly kärdeşi bilen duşuşdy
Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Eýranyň Daşary işler ministri Hosseýn Amir Abdollahiýan, 14.06.2022, Tähran, Eýran (Surat: IRNA)

Eýranyň paýtagty Tähran şäherinde sişenbe güni Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Eýranyň Daşary işler ministri Hosseýn Amir Abdollahiýan bilen duşuşygy geçirildi.

Eýranyň IRNA agentliginiň habar bermegine görä, bu duşuşyk Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Tährana amala aşyrjak iki günlük resmi saparynyň öňüsyrasynda geçirildi.

Duşuşygyň dowamynda taraplar döwlet Baştutanymyzyň Eýrana amala aşyrjak saparynyň meýilnamasyny we gepleşikleriň netijeleri boýunça gol çekiljek resminamalaryň taslamalaryny ara alyp maslahatlaşdylar.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Eýrana iki günlük resmi saparynyň çäklerinde Eýranyň Prezidenti bilen gepleşik geçirmegine garaşylýar. Şeýle-de bu duşuşygyň çäklerinde iki ýurduň wekiliýetleriniň bilelikdäki mejlisiniň geçirilmegi we hyzmatdaşlyk resminamalaryň birnäçesine gol çekilmegi meýilleşdirilýär.

Suratlar: IRNA

2022