Awazada halkara ulag forumy öz işine başlady

Awazada halkara ulag forumy öz işine başlady
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow maslahata gatnaşyjylara wideo ýüzlenmesini iberdi.

“Awaza” milli syýahatçylyk zolagynyň Kongressler merkezinde deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň ulag ministrleriniň derejesindäki halkara maslahaty duşenbe güni irden öz işine başlady.

Türkmenistanyň başlangyjy boýunça BMG-niň howandarlygynda guralan foruma 40-a golaý döwletleriň hem-de halkara  guramalaryň 30-dan gowragynyň wekiliýetleri gatnaşdylar. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi. 

Bu çärä BMG-niň edaralarynyň ýolbaşçylaryny, abraýly halkara, sebit we sebitara guramalaryň hem-de maliýe düzümleriniň ýolbaşçylaryny, hususy ulgamyň, hökümete dahylsyz birleşikleriň, ylmy toparlaryň wekillerini özünde jemledi. Türkmen tarapyndan forumyň işine Hökümet agzalary, birnäçe ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň wekilleri gatnaşýarlar.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow maslahata gatnaşyjylara wideo ýüzlenmesini iberdi.

“Dünýä ykdysadyýetinde agdyklyk edýän häzirki zaman ýagdaýlarynyň seljermesi ulag we kommunikasiýalar ulgamynyň ösdürilmeginiň has möhüm we aýgytly ähmiýete eýe bolýandygyny aýdyň görkezýär” diýip,  Türkmenistanyň Prezidenti wideo ýüzlenmesinde belledi.

Döwlet Baştutanymyz täze ulag-üstaşyr merkezleriniň mümkinçilikleriniň örän uludygyny nygtap, olara ägirt giňişlikleriň we adam mümkinçilikleriniň çekilýändigini, düýpli maýa goýumlary goýulýandygyny aýtdy.

Ministrler maslahatynyň esasy maksady deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň (DÇBÖBD) durnukly ulag we onuň bilen bagly durnukly ösüş maksatlary ulgamynda gazanan ösüşini seljermekden, şunuň bilen baglylykda, koronawirus pandemiýasynyň we beýleki wehimleriň täsirini kesgitlemekden ybaratdyr. Şeýle hem, COVID-19-dan soňky dikeldiş üçin ulagyň esasy orny howanyň üýtgemeginiň täsirini azaltmak we oňa uýgunlaşmak bilen bagly meselelere garalar. 

Koronawirus pandemiýasyndan soň, düzümi maliýeleşdirmek, onuň durnuklylygyny üpjün etmek üçin bilimleri, tejribäni we innowasion çemeleşmeleri – çözgütleri alyşmak, DÇBÖBD-de ulag düzüminiň ösüşini we tehniki taýdan hyzmat edilişini gowulandyrmak üçin maslahatlary hem-de mümkinçilikleri ýüze çykarmak,  DÇBÖBD-niň bähbitleri üçin ulag ulgamynda halkara goldawyny giňeltmek hem-de bu ulgamda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak bu forumyň esasy wezipeleri boldy. 

Garaşylyşy ýaly, bu maslahatlar Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmegi çaltlandyrmaga gönükdiriler hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň DÇBÖBD boýunça 2024-nji ýylda geçiriljek üçünji maslahatynda hödürleniler.

Suratlar: Türkmenistanyň resmi metbugaty

2022