Türkmenistanyň diplomatik wekilhanalarynda türkmen raýatlary saýlawlara gatnaşdylar

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanyň diplomatik wekilhanalarynda türkmen raýatlary saýlawlara gatnaşdylar
Saýlaw kodeksiniň kadalaryna laýyklykda, ses bermegiň netijeleri ýakyn wagtda yglan ediler.

Türkmenistanyň Italiýadaky we Belgiýadaky ilçihanalarynda döredilen saýlaw uçastoklary ýekşenbe güni Türkmenistanyň Mejlisiň deputatlarynyň saýlawlaryna ses bermek üçin daşary ýurtlarda ýaşaýan ýa-da wagtlaýyn bolýan türkmen raýatlaryny kabul etdi. Bu barada Türkmenistanyň Italiýadaky we Belgiýadaky ilçihanalary habar berdi.

Bu taryhy syýasy-jemgyýetçilik çäre halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalaryna, Türkmenistanda hereket edýän kanunçylyga, ýokary demokratik ýörelgelere laýyklykda geçirildi. Ilçihanalarda saýlaw uçastogynyň kadaly işlemegi, saýlawlaryň aç-açanlygy üçin ähli zerur şertler üpjün edildi.

Habarda bellenilişi ýaly, Italiýadaky we Belgiýadaky saýlawçylaryň sanawynda daşary ýurtlarda wagtlaýyn ýaşaýan Türkmenistanyň raýatlary, talyplar, şeýle hem döwlet edaralarynyň we hususy kompaniýalaryň hünärmenleri bar.

Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentliginde habar berlişi ýaly, Türkmenistanyň Mejlisiň deputatlarynyň, welaýat, etrap we şäher halk maslahatlarynyň, Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlaryna gatnaşmak üçin Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky diplomatik wekilhanalarynda hem-de konsullyk edaralarynda 42 sany saýlaw uçastoklary döredildi.

Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň beren maglumatlaryna görä, daşary ýurtlarda jemi 12 müň 907 saýlawçy bellige alyndy. Aşgabat wagty bilen sagat 19:00-a çenli 12 müň 300-den gowrak adam ses berdi.

Saýlaw kodeksiniň kadalaryna laýyklykda, ses bermegiň netijeleri ýakyn wagtda yglan ediler.

2022