Türkmen banklarynyň beren karzlarynyň galyndylarynyň möçberi 89,2 milliard manatdan geçdi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmen banklarynyň beren karzlarynyň galyndylarynyň möçberi 89,2 milliard manatdan geçdi
2023-nji ýylyň 1-nji aprel ýagdaýyna Türkmenistanyň karz edaralarynyň döwlet eýeçiligine degişli bolmadyk kärhanalara we guramalara milli pulda beren karzlarynyň galyndylarynyň möçberi 11 milliard 945 million manada barabar boldy.

Türkmenistanyň karz edaralarynyň 2023-nji ýylyň 1-nji aprel ýagdaýyna kärhanalara, guramalara we ilata milli pulda beren karzlarynyň galyndylarynyň umumy möçberi 89 milliard 286,46 million manada ýetdi, ýagny geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende bu görkeziji 11,5% artdy. 2022-nji ýylyň 1-nji aprel ýagdaýyna berlen karzlaryň galyndylarynyň umumy möçberi 80 milliard 63,71 million manatdan geçdi. Bu barada Türkmenistanyň Merkezi Bankynyň çap eden "Bank habarlary" atly elektron žurnalynda habar berilýär.

2023-nji ýylyň 1-nji aprel ýagdaýyna Türkmenistanyň karz edaralarynyň döwlet eýeçiligine degişli kärhanalara we guramalara milli pulda beren karzlarynyň galyndylarynyň möçberi 57 milliard 933 million manada barabar bolup, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende bu görkeziji 6,6% ýokarlandy. 2022-nji ýylyň 1-nji aprel ýagdaýyna bu görnüşli karzlaryň galyndylarynyň umumy möçberi 54 milliard 354 million manada deň boldy.

Şeýle hem, 2023-nji ýylyň 1-nji aprel ýagdaýyna Türkmenistanyň karz edaralarynyň döwlet eýeçiligine degişli bolmadyk kärhanalara we guramalara milli pulda beren karzlarynyň galyndylarynyň möçberi 11 milliard 945 million manada barabar boldy. Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende bu görkeziji 25,1% ýokarlandy. 2022-nji ýylyň 1-nji aprel ýagdaýyna bu karzlaryň galyndylarynyň umumy möçberi 9 milliard 546 million manada ýetdi.

Mundan başga-da, 2023-nji ýylyň 1-nji aprel ýagdaýyna raýatlara we edara görnüşindäki tarapy döretmeýän telekeçilere milli manatda berlen karzlaryň galyndylarynyň umumy möçberi 19 milliard 408 million manada barabar boldy we bu görkeziji geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 20,1% ýokarlandy. 2022-nji ýylyň 1-nji aprel ýagdaýyna berlen karzlaryň galyndylarynyň umumy möçberi 16 milliard 164 million manada deň boldy.

Şu ýylyň ýanwar-mart aýlarynda Türkmenistanda bank kartlary boýunça nagt däl pul dolanyşygynyň umumy möçberi 3 milliard 880,3 million manatdan geçdi.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022