Ýüpekçiler Türkmenistanyň harmanyna 2,3 müň tonnadan gowrak pile tabşyrdylar

BIZNES TÜRKMENISTAN
Ýüpekçiler Türkmenistanyň harmanyna 2,3 müň tonnadan gowrak pile tabşyrdylar
Türkmenistanyň ýüpekçileri pile öndürmek boýunça şertnamalaýyn borçnamalary üstünlikli ýerine ýetirdiler. (Surat: textiletrend.ru)

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow anna güni sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde Türkmenistanyň ussat ýüpekçileriniň yhlasly zähmeti netijesinde, ýurduň harmanyna 2 müň 300 tonnadan gowrak pile tabşyrylandygyny aýtdy. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.

Mejlisiň dowamynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary Annageldi Ýazmyradow Türkmenistanyň ýüpekçileriniň pile öndürmek boýunça şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli ýerine ýetirendikleri baradaky hoş habary aýtdy.

Türkmenistanyň Döwlet Baştutany geljekde-de bu pudaga uly üns beriljekdigini nygtap, mejlise gatnaşyjylary we ähli türkmen halkyny bu zähmet üstünligi bilen tüýs ýürekden gutlady we berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Şeýle hem wise-premýer daşky gurşawy goramak, ekologik abadançylygy üpjün etmek boýunça geçirilýän giň gerimli işler barada hasabat berdi. Türkmenistanyň Milli tokaý maksatnamasyna laýyklykda, Aralýaka sebitiň ekologik ýagdaýyny gowulandyrmak maksady bilen, Daşoguz we Lebap welaýatlarynda tokaý-gorag zolaklaryny döretmek göz öňünde tutulýar. Häzirki wagtda bu sebitlerde tokaý zolaklarynyň dörediljek ýerlerini we ekiljek bag nahallarynyň görnüşlerini kesgitlemek boýunça taýýarlyk işleri alnyp barylýar.

Mundan başga-da, wise-premýer Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni mynasybetli guraljak baýramçylyk çäreleri barada hasabat berdi.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde birnäçe resminamalaryň taslamalaryna garaldy hem-de döwlet durmuşynyň ileri tutulýan meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

2022