Türkmen azyk öndürjileri “F-Istanbul” atly halkara sergä gatnaşarlar

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmen azyk öndürjileri “F-Istanbul” atly halkara sergä gatnaşarlar
Halkara sergi F-Stambul, 2022-nji ýyl, Stambul, Türkiye

Türkmenistanyň hususy önümçilik kompaniýalary 12-14-nji iýul aralygynda Türkiýäniň Stambul şäherinde geçiriljek “F- Istanbul” atly halkara sergä gatnaşarlar. Bu azyk senagatynda ýylda geçirilýän çäre dürli ýurtlardan, şol sanda Türkmenistandan sergä gatnaşyjylary özüne çekýär.

Birnäçe daşary ýurt kompaniýalary bilen bir hatarda, “Arçalyk”, “Kilwan”, “Altyn Ýunus”, “Parasatly”, “Balşeker”, “Ak Gar”, “Mähriban-Merw”, “Täze Aý”, “Balam”, “Sada”, “Tükel”, “Mekan”, “Misgär” we “Altyn Şöhle” ýaly türkmen brendleri hem sergä gatnaşarlar. Bu barada Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi habar berdi.

“F-Istanbul” atly halkara sergide azyk, içgi, konditer önümleri, azyk önümleriniň düzümleri we gaplama, şeýle hem dükan enjamlary we dükanlaryň dizaýnynda soňky gazananlary görkeziler.

Bu halkara sergi täze täjirçilik we bazar gatnaşyklaryny döretmek üçin öndürijileri, eksportçylary, importçylary, lomaý satyjylary we paýlaýjylary bir ýere jemlär. Serginiň esasy maksady azyk senagatynda hyzmatdaşlygyň halkara platformasyna öwrülmekdir.

“F-Istanbul” atly halkara sergä ýerli önümçilik haryt nyşanly hususy türkmen kompaniýalarynyň gatnaşmagy, türkmen önümleriniň dünýä bazaryna çykarylmagyna goşant goşýar we täze hyzmatdaşlyk gurmak hem-de işewür gatnaşyklary giňeltmek üçin mümkinçilikler döredýär. Bu sergi türkmen brendlerini tanatmaga we täze maýa goýumlaryny çekmäge ýardam berer.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022