“Daýanç nokady” suw esasly boýaglaryň önümçiligini ýola goýdy

BIZNES TÜRKMENISTAN
“Daýanç nokady” suw esasly boýaglaryň önümçiligini ýola goýdy
Suw esasly silikon boýaglaryň dürli görnüşleri bolup, olar potolok, daşky we içki diwarlar üçin niýetlenendir.

Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň çäginde ýerleşýän “Daýanç nokady” hususy kärhanasy suw esasly boýaglaryň önümçiligini ýola goýdy. Bu barada “Rysgal gazeti” duşenbe güni habar berdi.

Habarda bellenilişi ýaly, “Daýanç nokady” kärhanasy bu ugurda 2012-nji ýyldan bäri iş alyp baryp, onda Türkiýäniň ýokary tehnologiýaly enjamlary ornaşdyrylandyr.

Suw esasly silikon boýaglaryň dürli görnüşleri bolup, olar potolok, daşky we içki diwarlar üçin niýetlenendir. Bu önümler 10, 20 litrlik gaplara gaplanylýar.

Mundan başga-da, “Daýanç nokady” hususy kärhanasynda onlarça hünärmen zähmet çekip, onda gurluşykda ulanylýan bezeg önümleriniň önümçiligi hem alnyp barylýar. Ýerli çig maldan öndürilýän önümler müşderileriň islegine görä, dürli ölçeglerde taýýarlanylýar.

2022