Maryly telekeçiniň maldarçylyk toplumynda ýylda 150 tonna et alynýar

BIZNES TÜRKMENISTAN
Maryly telekeçiniň maldarçylyk toplumynda ýylda 150 tonna et alynýar
Toplum döwrebap görnüşde gurlup, ol ýerde häzirki wagtda ýerli tohuma degişli bolan gara mallaryň 300-e, dowarlaryň bolsa 400-e golaý baş sany idedilýär. (Surat:tengrinews.kz)

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy, telekeçi Gurbanmuhammet Myradowyň ýolbaşçylyk edýän hususy maldarçylyk toplumynda ýylda 150 tonna et önümi alynýar. Bu barada “Rysgal gazeti” duşenbe güni habar berdi.

Telekeçiniň maldarçylyk toplumy Mary welaýatynyň Murgap etrabynda döwlet tarapyndan uzak möhletleýin esasda bölünip berlen 10 gektar meýdanda ýerleşýär.

Toplum döwrebap görnüşde gurlup, ol ýerde häzirki wagtda ýerli tohuma degişli bolan gara mallaryň 300-e, dowarlaryň bolsa 400-e golaý baş sany idedilýär. Bu maldarçylyk toplumda onlarça işçi hünärmen zähmet çekýär.

Telekeçiniň gürrüň bermegine görä, bu ýerde alynýan süýdüň ýyllyk möçberi 100 tonna barabardyr.

Mundan başga-da, 350 gektar ýer bölegini otluk meýdan tutup, ol ýerde mekgejöwen, ýorunja, arpa ýaly siloslyk ekinler ösdürilip ýetişdirilýär.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022