Türkmenistanda gowaçanyň inçe süýümli “Ýolöten-58” sorty döredildi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanda gowaçanyň inçe süýümli “Ýolöten-58” sorty döredildi
Gowaçanyň inçe süýümli “Ýolöten-58” sortuny Maryda, Ahalda we Lebap welaýatynyň günorta sebitiniň ekerançylygynda önümçilige ornaşdyryp bolýar.

Türkmenistanda oba hojalyk ekinleriniň ýokary hilli, bol hasylly sortlaryny döretmek boýunça ylmy-barlag işleri alnyp baryldy we onuň netijesinde gowaçanyň inçe süýümli “Ýolöten-58” sorty döredildi. Bu barada Türkmen oba hojalyk institutynyň Oba hojalyk ylmy-önümçilik merkeziniň kiçi ylmy işgäri Muhammetrahym Meredowyň “Türkmenistan” gazetinde anna güni çap edilen makalasynda habar berilýär.

Makalada bellenilişi ýaly, “Ýolöten-58” sorty Türkmen oba hojalyk institutynyň ylmy-önümçilik merkezinde gowaçanyň “Ýolöten-42” sortunyň populýasiýasyndan ýekebara seçgi esasynda saýlanyp alnyp döredildi.

Muhammetrahym Meredowyň “Türkmenistan” gazetinde çap edilen makalasyna görä, täze sortuň bir gozasyndaky pagtanyň agramy 33 gram bolup, onuň hasyllylygy 33,2 s/ga barabar bolýar we standart sortdan 2,1 sentner köp hasyl berýär. Süýümiň çykymy 30,4 göterim, uzynlygy 39-40 mm, inçeligi 8223 birlige çenli ýetip, ol standart sortdan bir gün ir ýetişýär.

Gowaçanyň inçe süýümli “Ýolöten-58” sortuny Maryda, Ahalda we Lebap welaýatynyň günorta sebitiniň ekerançylygynda önümçilige ornaşdyryp bolýar. Şeýle gowaçany ösdürip ýetişdirmek üçin ýokary agrotehniki çäreler göz öňünde tutulýar we ol häzirki wagtda Mary we Ahal welaýatlarynda ösümlikleriň Döwlet sort synagyndan geçirilýär.

2022