Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Tehnologiýalar merkeziniň alymlary adamyň saglygy üçin howpsuz we peýdaly bolan ýarym taýýar önümleri işläp taýýarladylar. Bu barada “Orient” internet neşiri sişenbe güni habar berdi.
Işlenilip taýýarlanylan ýarym taýýar önümleriň arasynda tagam berijili tiz bişirilýan aş, gury miwe şireleri, çorbalar, şeýle hem kädiniň we mekgäniň uny bardyr.
Habarda bellenilişi ýaly, bu ýerde düzüminde monosodium glýutamatyň, konserwantlaryň we reňkleýji maddalaryň ýoklugy bilen meňzeş önümleriň köpüsinden tapawutlanýan tiz bişirilýan aşlaryň işlenilip taýýarlanylmagyna aýratyn üns berildi. Bu naharyň aýratynlygy guzynyň adaty eredilen ýagynyň ulanylmagydyr.
Şeýle hem alymlar köp iýmitlerde we dermanlarda himiki goşundylary ulanmazlyk üçin garpyz we gawun konsentratlaryny işläp taýýarlamaga ünsi jemlediler. Geçirilen gözlegler önümiň görüşe, derä we saçlara oňyn täsir edip, böwrekleriň işlemegi üçin peýdaly bolup biljekdigini görkezdi. Mundan başga-da, garpyz bilen gawunyň konsentratlary sport iýmitleriniň goşundylarynda, çaga üçin iýmitlerde we derman serişdelerinde ulanylyp bilner diýip, habarda bellenilýär.
Alymlaryň beýleki işläp taýýarlamalarynyň arasynda nohutly, gök önümli, kädili we mekgejöwenli gury çorbalaryň dürli görnüşleri, şeýle hem şol bir mukdarda ýokumly maddalary öz içine alýan adaty sarymsakdan 8 esse peýdaly sarymsak tozy bardyr.
Alymlar milli aşhananyň düzümlerini, mysal üçin, gowrulan guzy ýagynyň tagamy bolan çipsleri taýýarlamak boýunça işleri dowam etdirmegi meýilleşdirýärler. Mundan başga-da, ýerli ylmy işgärler tebigy goşundylary azyk we iýmit önümçiligine doly integrirlemegi maksat edinýärler.