Şu ýylyň 6 – 8-nji dekabrynda Aşgabatda Türkiýe Respublikasynyň eksport harytlarynyň sergisi guralar. Bu barada Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy penşenbe güni habar berdi.
Türkiýäniň eksport harytlarynyň guramaçylyk işleri bilen bagly meseleler Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň başlygy Mergen Gurdowyň Türkiýe Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Togan Oral bilen Aşgabatda penşenbe güni bolan duşuşygynda ara alnyp maslahatlaşyldy.
Şeýle hem, Türkmenistanyň we Türkiýäniň arasynda dostlukly gatnaşyklary pugtlanadyrmak we ösdürmek bilen bagly meselelere garaldy.
18-nji oktýabrda Mergen Gurdowyň Birleşen Arap Emirlikleriniň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Ahmed Al Haý Al Hameli bilen hem duşuşygy geçirildi. Iki ýurduň arasynda söwda-ykdsady gatnaşyklaryny işjeňleşdirmek meseleleri gepleşikleriň esasy mowzugy boldy.
Şeýle hem, taraplar duşuşykda iki ýurduň hususy pudaklarynyň arasyndaky söwda dolanyşygyny artdyrmak maksady bilen geljekde işewürlik maslahatlaryny guramaga gyzyklanma bildirýändiklerini bellediler.