Mary şäherinde Merkezi Aziýa ýurtlary bilen Hytaýyň Ýaşlar forumy geçirilýär

BIZNES TÜRKMENISTAN
Mary şäherinde Merkezi Aziýa ýurtlary bilen Hytaýyň Ýaşlar forumy geçirilýär
Merkezi Aziýa ýurtlary bilen Hytaýyň Ýaşlar forumyna gatnaşyjylar Türkmenistanyň dermanlyk ösümliklerinden taýýarlanan melhem çaýlary dadýarlar, 2023-nji ýylyň 16-njy noýabry, Mary şäheri, Mary welaýaty, Türkmenistan.

Penşenbe güni Mary welaýatynyň dolandyryş merkezi Mary şäherinde "Beýik Ýüpek ýolunyň täze eýýamy" ady bilen Merkezi Aziýa ýurtlary bilen Hytaýyň Ýaşlarynyň forumy öz işine başlady. 

Türkmenistanyň resmi metbugatynyň habar bermegine görä, bu forumy geçirmek teklibi şu ýylyň maý aýynda Hytaýyň Sian şäherinde geçirilen "Merkezi Aziýa - Hytaý" formatyndaky döwlet Baştutanlarynyň birinji sammitinde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow tarapyndan öňe sürüldi. 

Türkmenistanyň döwlet Baştutany Mary şäherinde geçirilýän "Beýik Ýüpek ýolunyň täze eýýamy" atly Ýaşlar forumynyň açylmagy bilen oňa gatnaşyjylaryň ählisini tüýs ýürekden gutlady.

"Türkmenistanyň, Gazagystan, Gyrgyz, Täjigistan, Özbegistan Respublikalarynyň we Hytaý Halk Respublikasynyň ylym, bilim, medeniýet, sungat, parlament ulgamlarynyň ýaş wekillerini, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň hem-de Hytaýyň Durnukly ösüş maksatlarynyň ilçilerini özünde jemleýän bu forumyň ýaşlar syýasaty babatda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmegiň anyk ýollaryny kesgitlemekde möhüm ähmiýete eýe boljakdygyna berk ynanýaryn" diýlip, Serdar Berdimuhamedowyň Gutlag hatynda bellenilýär. 

Forumyň guramaçylygy Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasy, degişli ministrlikler we pudak edaralary, şeýle hem Mary welaýat häkimligi tarapyndan amala aşyryldy. 

Üç günläp dowam edýän foruma ýaş hünärmenler, talyp ýaşlar, meýletinçiler, Hytaýdan Merkezi Aziýa ýurtlaryndan - Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Özbegistanyň dürli ulgamlarynyň wekilleri gatnaşýarlar. 

Forumyň birinji günündäki umumy mejlis tamamlanandan soň, Mary welaýat kitaphanasynda mowzuklaýyn mejlisler, kiçi düzümdäki duşuşyklar, hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlary boýunça wekiliýetleriň ýolbaşçylarynyň gepleşikleri geçirildi. 

Forumyň dowam edýän günlerinde türkmen ýaşlaryny Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň Ýaşlar baýragy bilen sylaglamak dabarasy, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Hytaýyň medeniýet we sungat ussatlarynyň ýaşlar festiwaly geçiriler. Şeýle hem foruma gatnaşyjylar üçin "Gadymy Merw" döwlet taryhy-medeni goraghanasyna gezelenç guralar.

2022