Türkmenistan bilen Hytaý Ýewropa uzaýan täze ulag geçelgelerini döretmegi meýilleşdirýär

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistan bilen Hytaý Ýewropa uzaýan täze ulag geçelgelerini döretmegi meýilleşdirýär
Türkmen-hytaý hyzmatdaşlyk komitetiniň Ulag-logistika boýunça kiçi toparynyň birinji mejlisi, 2023-nji ýylyň 16-njy noýabry, Pekin, Hytaý (Surat: TULM)

Penşenbe güni Pekin şäherinde geçirilen Türkmen-hytaý hyzmatdaşlyk komitetiniň Ulag-logistika boýunça kiçi toparynyň birinji mejlisinde Türkmenistanyň we Hytaýyň wekilleri iki ýurduň ulag ýollaryny ulanmak arkaly Merkezi Aziýanyň üsti bilen HHR-den Ýewropa ýükleri daşamak üçin amatly, täze ulag geçelgelerini döretmek mümkinçiliklerini öwrenmegiň wajyplygyny bellediler. Bu barada "Türkmenistanyň Ulag-logistika merkezi" (TULM) açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti habar berýär.

Hytaýyň Ulag ministrliginiň mälim etmegine görä, mejlise gatnaşýan türkmen wekiliýetine Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory Mämmethan Çakyýew, hytaý wekiliýetine bolsa, ýurduň ulag ministriniň orunbasary Li Ýan başlyklyk etdi. Mejlise gatnaşyjylar Türkmenistanyň we Hytaýyň arasynda ulag-logistika pudagyndaky hyzmatdaşlygyň oňyn ösüş derejesini nygtadylar.

Çäräniň barşynda Hytaýyň döwlet ulag edarasynyň halkara ulag alyşmasyny ösdürmek we bu babatda iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygy täze derejä çykarmaga taýýardygy bellenildi.

Duşuşygyň ahyrynda Mämmethan Çakyýew we Li Ýan Türkmen-hytaý hyzmatdaşlyk komitetiniň Ulag-logistika boýunça kiçi toparynyň birinji mejlisiniň Teswirnamasyna gol çekdiler.

Şeýle hem mejlisiň çäklerinde "Türkmenistanyň Ulag-logistika merkezi" açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň Baş direktory we "China Railway International Multimodal Transport Co. Ltd" kompaniýasynyň wekili ikitaraplaýyn gepleşikleri geçirip, onda üstaşyr ýükleriň we demir ýol arkaly ýük daşamalaryň möçberlerini artdyrmagyň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022