Daşoguzda ýerleşýän türkmen kompaniýasy 439 tonna pomidor eksport etdi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Daşoguzda ýerleşýän türkmen kompaniýasy 439 tonna pomidor eksport etdi
Ýyladyşhana toplumynda pomidor hasylynyň ýygnalýan pursady, Türkmenistan.

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolan “Altyn gala gurluşyk” hususy kärhanasynyň ýyladyşhanasynda 2023-nji ýylyň on aýynda ýetişdirilen pomidor hasylynyň 439 tonnasy Russiýa, Gazagystana we Gyrgyzystana eksport edildi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty sişenbe güni habar berdi.

“Altyn gala gurluşyk” hususy kärhanasynyň gök önümleri ýetişdirýän ýyladyşhanasy Şabat etrabynyň Hasylçy geňeşliginde ýerleşip, bu ýerde şu ýylyň on aýynda 730 tonna golaý pomidor ýetişdirildi.

Habarda bellenilişi ýaly, şu ýyl bu ýyladyşhanada pomidoryň “altess” atly täze görnüşi ekildi.

Gök hem bakja önümçiliginde ygtybarly orun eýeleýän bu toplumyň jemi tutýan 5 gektar meýdanynyň 4,6 gektaryny ekin ýerleri, galan bölegini bolsa inženerçilik ulgamlary we beýleki desgalar eýeleýär.

Ýyllyk kuwwatlylygy 800 tonna barabar bolan döwrebap ýyladyşhanada işçi-hünärmenleriň 25-den gowragy zähmet çekip, bu ýerde ýygnalýan gök önümler terligi bilen welaýatdaky hem-de onuň çäginden daşardaky bazarlara, dürli söwda nokatlaryna ugradylýar.

2022