Türkmenistanyň Prezidenti COP-28 maslahatyna gatnaşmak üçin Dubaýa bardy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanyň Prezidenti COP-28 maslahatyna gatnaşmak üçin Dubaýa bardy
COP-28 maslahatyna gatnaşýan ýurtlaryň liderleri, 2023-nji ýylyň 1-nji dekabry, Dubaý, BAE. (Surat: COP-28 BAE)

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow anna güni Birleşen Milletler Guramasynyň Howanyň üýtgemegi boýunça Çarçuwaly Konwensiýasynyň taraplarynyň nobatdaky 28-nji mejlisine (COP-28) gatnaşmak üçin iş sapary bilen Dubaýa bardy. 

Türkmenistanyň resmi metbugatynyň habar bermegine görä, Dubaýyň Şeýh Maktum adyndaky Halkara howa menzilinde Türkmenistanyň döwlet Baştutanyny Birleşen Arap Emirlikleriniň we Türkmenistanyň resmi adamlary garşyladylar.

Maslahat 30-njy noýabrdan 12-nji dekabra çenli dowam edýär.

Şu hepdäniň penşenbe güni Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly geçirilen mejlisinde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Bütindünýä howa forumynyň möhümdigini, şeýle hem onuň gün tertibine dünýäde durnukly ösüşi üpjün etmek, tutuş adamzadyň geljegi üçin uly ähmiýete eýe bolan meseleleriň giriziljekdigini nygtady.

“Türkmenistan wajyp ykdysady wezipeleri çözmekde jogapkärli we işjeň orun eýeleýändigini görkezýär. Ýurdumyzyň wekiliýetiniň COP-28 maslahatyna gatnaşmagy hem munuň aýdyň beýanydyr” diýip, Berdimuhamedow belledi.

COP-28 Birleşen Milletler Guramasynyň Howanyň üýtgemegi boýunça maslahaty bolup durýar. Her ýyl geçirilýän bu maslahatda hökümetler geljekde howa

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022