Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabat şäheri boýunça iş saparyny amala aşyrdy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabat şäheri boýunça iş saparyny amala aşyrdy
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow, 2023-nji ýylyň 2-nji dekabry, Aşgabat, Türkmenistan.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow şenbe güni Aşgabat şäheri boýunça iş saparyny amala aşyrdy we ýurduň Söwda-senagat edarasyna bardy.

Türkmenistanyň resmi metbugatynyň habar bermegine görä, bu sapar Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň penşenbe güni sanly ulgam arkaly geçiren Ministrler Kabinetiniň mejlisinde şu ýylyň ahyrynda guraljak ýaşlaryň dabaraly maslahatyna we sergisine ýokary derejede taýýarlyk görmek barada beren tabşyryklaryna laýyklykda amala aşyryldy.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Aşgabat şäheri boýunça iş saparynyň çäginde maslahat geçirdi we ýaşlar forumyny üstünlikli guramak boýunça öwüt-nesihatlaryny, tabşyryklary berdi.

Iş maslahatyna Mejlisiň Başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlary, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Diwanynyň iş dolandyryjysy, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ýerine ýetiriji direktory, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy, Aşgabat şäheriniň häkimi gatnaşdylar.

Türkmen halkynyň Milli Lideri türkmen ýaşlarynyň şu ýylyň dowamynda dürli ugurlar boýunça gazanan üstünliklerini beýan edýän ýaşlar forumynyň açylyş dabarasynyň unudylmajak pursatlara beslenmelidigine hem-de Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň ajaýyp jemlenmesine öwrülmelidigine ünsi çekdi we bu babatda degişli ýolbaşçylara tabşyryklary berdi.

Iş maslahatynyň barşynda degişli ýolbaşçylar şu ýyl ýurduň ýaşlarynyň durmuşynda bolup geçen taryhy wakalar, olaryň dürli ulgamlarda gazanan üstünlikleri, ýaşlary sylaglamak dabarasyna görülýän taýýarlyk barada hasabatlary berdiler.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow şu ýylyň ahyrynda guraljak ýaşlaryň dabaraly maslahatynyň we sergisiniň hemmetaraplaýyn ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegini üpjün etmek babatda degişli ýolbaşçylara anyk görkezmeleri berdi.

2022