Türkmenbaşy Halkara deňiz porty täze nyrh ulgamyny taýýarlady

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenbaşy Halkara deňiz porty täze nyrh ulgamyny taýýarlady
Türkmenbaşy halkara deňiz porty, Balkan welaýaty, Türkmenistan.

Türkmenbaşy Halkara deňiz porty Logistiki merkezini döretmek, şeýle hem portuň çäginde ýük goryny emele getirmek maksady bilen täze nyrh ulgamyny taýýarlady. Bu barada “Türkmendeňizderýaýollary” agentligi anna güni habar berdi.

Habarda bellenilişi ýaly, üstaşyr ýükler üçin girip çykýan gämiler nobatsyz kabul edilýär we ýükler 24 sagadyň dowamynda düşürilýär.

Şeýle hem Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň terminallarynyň duralgalarynyň arasynda gämi ýanama hyzmaty tölegsiz ýerine ýetiriler.

“Türkmendeňizderýaýollary” agentliginiň habaryna görä, Russiýada öndürilýän galla önümlerini Türkmenbaşy portunyň üsti bilen daşamaga mümkinçilikler döreýär. Türkmenbaşy portunyň Ürgün ýükler terminalynda 35 müň m3 möçberde dürli däne önümlerini, şol sanda bugdaý, arpa, mekge dänelerini saklamak üçin niýetlenen 14 sany siloslar ýerleşdirilendir. Deňiz portundaky Ürgün terminalynda ornaşdyrylan döwrebap awtomatiki konweýerler ulgamy arkaly sagatda 350 tonna dänäni gämiden göni wagonlara, awtoulaglara, ammara düşürip we ýükläp bolýar.

Häzirki wagtda Gyrgyzystandan, Täjigistandan we Özbegistandan ýükleri Türkmenbaşy portundan Russiýa, ýewropa ýurtlara ugratmak üçin gyzyklanmalary kanagatlandyrmak üçin gepleşikler geçirilýär.

Mundan başga-da, häzirki wagtda Türkmenistana import we üstaşyr ugurlar boýunça Eýrandan ýylda ortaça 85 müň sany Türkiýä, Eýrana we beýleki döwletlere degişli ýük awtoulaglar geçýär. Munuň bilen bir hatarda Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň we Eýranyň portlarynyň arasynda fider gatnawlaryny ýola goýmak meýilleşdirilýär.

2022