“Türkmenhimiýa” ýapon kompaniýasy bilen iki sany şertnama baglaşdy

BIZNES TÜRKMENISTAN
“Türkmenhimiýa” ýapon kompaniýasy bilen iki sany şertnama baglaşdy
Türkmenistanyň ykdysady wekiliýeti bilen Ýaponiýanyň wekilleriniň arasynda geçirilen duşuşyk, 2023-nji ýylyň 13-16-njy dekabry, Tokio, Ýaponiýa.

“Türkmenhimiýa” döwlet konserni bilen Ýaponiýanyň “Kawasaki Heavy Industries Ltd.” kompaniýasynyň arasynda iki sany şertnama gol çekildi. Bu barada Türkmenistanyň Ýaponiýadaky ilçihanasy ýekşenbe güni habar berdi.

Bu şertnamalara Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň başlygy Rahymberdi Jepbarowyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýetiniň şu ýylyň 13-16-njy dekabrynda Tokio şäherine amala aşyran iş saparynyň çäklerinde gol çekildi.

Habarda bellenilişi ýaly, şertnamalar Ahal welaýatyndaky tebigy gazdan benzin öndürýän zawody abatlamak boýunça taslamalary durmuşa geçirmäge gönükdirilendir.

Saparyň barşynda türkmen wekiliýeti birnäçe netijeli duşuşyklary, şol sanda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-ýapon toparynyň agzalary bilen bilelikdäki duşuşygy, Ýaponiýanyň döwlet edaralarynyň, guramalarynyň we maliýe institutlarynyň, şeýle-de öňdebaryjy kompaniýalarynyň ýolbaşçylary bilen ikitaraplaýyn gepleşikleri geçirdiler.

Mundan başga-da, Türkmenistanyň we Ýaponiýanyň awiasiýa edaralarynyň wekilleriniň gatnaşmagynda Tokio şäherinde geçirilen duşuşykda iki ýurduň arasynda göni howa gatnawyny ýola goýmak meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Saparyň dowamynda geçirilen duşuşyklaryň netijeleri boýunça iki tarapyň hem özara hyzmatdaşlyga ýokary derejede gyzyklanma bildirýändigini görkezýän 3 sany möhüm resminama gol çekildi.

2022