Türkmenistanda bölek haryt dolanyşygynyň möçberi 9,9 göterim ýokarlandy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanda bölek haryt dolanyşygynyň möçberi 9,9 göterim ýokarlandy
Türkmenistanyň Söwda toplumynyň sergisi, 2023-nji ýylyň 4-nji apreli, Aşgabat, Türkmenistan.

Türkmenistanda 2023-nji ýylyň ýanwar-noýabr aýlarynda bölek haryt dolanyşygynyň möçberi 2022-nji ýylyň degişli döwründäki görkeziji bilen deňeşdirilende 9,9 göterim ýokarlandy. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty anna güni habar berdi.

Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi boýunça geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende söwda dolanyşygynyň ösüş depgini 100,7 göterime, önüm öndürilişiniň ösüş depgini-de – 100,7 göterime deň boldy. Döwlet haryt-çig mal biržasy tarapyndan ýylyň başyndan bäri söwdalaryň 275-si geçirilip, şolarda 27 müň 762 şertnama hasaba alyndy.

Şu ýylyň 11 aýynda Söwda-senagat edarasy tarapyndan amala aşyrylan işleriň netijeleri boýunça ösüş depgini 109,9 göterime deň boldy. Şu ýylyň ýanwar-noýabr aýlarynda sergileriň 26-sy we forumlaryň 78-si geçirildi.

Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi boýunça 2023-nji ýylyň ýanwar-noýabr aýlarynda oba hojalyk we azyk önümleriniň öndürilişiniň möçberleriniň ösüşi 109 göterime ýetdi, senagat önümleriniň önümçiliginiň ösüşi 109,4 göterim boldy.

2022