Türkmenistanyň karz edaralarynyň 2023-nji ýylyň 1-nji dekabr ýagdaýyna kärhanalara, guramalara we ilata milli pulda beren karzlarynyň galyndylarynyň umumy möçberi 90 milliard 151,98 million manada ýetdi. 2022-nji ýylyň 1-nji dekabr ýagdaýyna berlen karzlaryň galyndylarynyň umumy möçberi 88 milliard 490,26 million manada barabar boldy. Bu barada Türkmenistanyň Merkezi Bankynyň çap eden "Bank habarlary" atly elektron žurnalynda habar berilýär.
2023-nji ýylyň 1-nji dekabr ýagdaýyna Türkmenistanyň karz edaralarynyň döwlet eýeçiligine degişli kärhanalara we guramalara milli pulda beren karzlarynyň galyndylarynyň möçberi 56 milliard 506 million manada barabar boldy. 2022-nji ýylyň 1-nji dekabr ýagdaýyna bu görnüşli karzlaryň galyndylarynyň umumy möçberi 58 milliard 41 million manada deň boldy.
Şeýle hem, 2023-nji ýylyň 1-nji dekabr ýagdaýyna Türkmenistanyň karz edaralarynyň döwlet eýeçiligine degişli bolmadyk kärhanalara we guramalara milli pulda beren karzlarynyň galyndylarynyň möçberi 12 milliard 339 million manada barabar boldy. Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende bu görkeziji 4,3% ýokarlandy. 2022-nji ýylyň 1-nji dekabr ýagdaýyna bu karzlaryň galyndylarynyň umumy möçberi 11 milliard 830 million manada ýetdi.
Mundan başga-da, 2023-nji ýylyň 1-nji dekabr ýagdaýyna raýatlara we edara görnüşindäki tarapy döretmeýän telekeçilere milli manatda berlen karzlaryň galyndylarynyň umumy möçberi 21 milliard 307 million manada barabar boldy we bu görkeziji geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 14,4% ýokarlandy. 2022-nji ýylyň 1-nji dekabr ýagdaýyna berlen karzlaryň galyndylarynyň umumy möçberi 18 milliard 619 million manada deň boldy.
Şu ýylyň ýanwar-noýabr aýlarynda Türkmenistanda bank kartlary boýunça nagt däl pul dolanyşygynyň umumy möçberi 15 milliard 632,94 million manatdan geçdi.