“Ýylan” gaz känindäki guýudan täze gaz akymy alyndy

BIZNES TÜRKMENISTAN
“Ýylan” gaz känindäki guýudan täze gaz akymy alyndy
“Ýylan” gaz käni, Mary welaýaty, Türkmenistan.

“Türkmengaz” döwlet konserniniň “Türkmengazburawlaýyş” müdirliginiň gazçylary Mary welaýatynda ýerleşýän “Ýylan” gaz känindäki 02 belgili ulanyş, baha beriş guýusyndan ýakynda senagat taýdan ähmiýetli täze gaz akymyny aldylar. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty penşenbe güni habar berdi.

“Türkmengazburawlaýyş” müdirliginiň gazçylary şu ulanyş, baha beriş gaz guýusynda zähmet çekip, guýynyň burawlaýyş işlerini 2875 metr çuň­luga ýetirdiler.

Habarda bellenilişi ýaly, burawlaýjylar baý iş tejribesi arkaly, agzalan guýudan 2856 — 2852 metr çuňlukdaky aralykdan deşik-deşme işlerini geçirip, tebigy gazyň senagat taýdan ähmiýetli täze akymyny aldylar.

Hünärmenleriň aýtmaklaryna görä, guýynyň her gije-gündizdäki gaz çykymy 821 müň kub metre barabardyr. Alnan tebigy gazyň düzüminiň kükürt-wodorodsyz, arassa bolmagy bu ýatagyň “mawy ýangyjynyň” iň esasy aýratynlygydyr.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022