Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň “Boeing” kompaniýasyndan “Boeing-777-300ER” kysymly iki sany täze ýolagçy uçaryny satyn almak baradaky Türkmenistanyň Prezidentiniň degişli Kararyna laýyklykda, Aşgabat Halkara howa menziline anna güni bu ýolagçy uçarynyň ikinjisi gelip gowuşdy.
“Türkmenistan” awiakompaniýasynyň habar bermegine görä, Aşgabat Halkara howa menziline gelip gonan “Boeing 777-300 ER” kysymly täze ýolagçy uçary hem Türkmenistanyň raýat awiasiýasynyň üstüni ýetirdi.
Şeýle howa gämileriniň birinjisi 2023-nji ýylyň 4-nji dekabrynda Aşgabada getirilipdi.
Habarda bellenilişi ýaly, ikinji döwrebap howa gämisi hem ýokary tygşytlylygy, rahatlygy bilen tapawutlanyp, 368 ýolagçyny gatnatmaga ukyply. Ondaky orunlaryň 40-sy biznes, 32-si premium-ekonom we 296-sy bolsa ekonom-klasa degişlidir.
Iki sany “GE90-115BL2” görnüşli hereketlendiriji ornaşdyrylan bu uçaryň uçuş uzaklygy 11 390 km deň bolup, 40 tonna çenli göwrümli ýük bilen halkara gatnawlary bökdençsiz ýerine ýetirip bilýär.