“Türkmenistan” awiakompaniýasy Jidda, Kuala-Lumpur şäherlerine yzygiderli howa gatnawlaryny amala aşyrar

BIZNES TÜRKMENISTAN
“Türkmenistan” awiakompaniýasy Jidda, Kuala-Lumpur şäherlerine yzygiderli howa gatnawlaryny amala aşyrar
"Türkmenhowaýollary" agentliginiň uçarynyň gonýan pursady

“Türkmenistan” awiakompaniýasy Jidda (Saud Arabystany Patyşalygy) we Kuala-Lumpur (Malaýziýa) şäherlerine yzygiderli ýolagçy gatnawlaryny ýola goýmagy meýilleşdirýär.

 “AeroRoutes” portalynyň duşenbe güni habar bermegine görä, Jidda şäherine gatnawlar şu ýylyň 16-njy fewralynda başlanyp, hepdede üç gezek amala aşyrylar. Kuala-Lumpur şäherine bolsa ýolagçy howa gatnawlary 15-nji fewralda başlanyp, hepdede iki gezek ýerine ýetiriler. 

Geçen ýylyň dekabr aýynda “AeroRoutes” portaly “Türkmenistan” awiakompaniýasynyň 2024-nji ýylyň birinji çärýeginde üç sany täze ugry goşmak we uçuşlary gaýtadan dikeltmek arkaly uçuş ulgamyny giňeltmegi meýilleşdirýändigini habar beripdi.

Täze ugurlar Aşgabat – Abu-Dabi (BAE), Aşgabat – Hoşimin (Wýetnam) we Aşgabat – Milan (Italiýa) ugurlaryny öz içine alýar.

2022