Türkmenistan we ÝB söwda dolanyşygyny ýokarlandyrmagy maslahatlaşdylar

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistan we ÝB söwda dolanyşygyny ýokarlandyrmagy maslahatlaşdylar
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Batyr Atdaýew bilen Ýewropa Bileleşiginiň ilçisi Beata Peksanyň arasynda geçirilen duşuşyk, 2024-nji ýylyň 11-nji ýanwary, Aşgabat, Türkmenistan. (Surat: ÝB-niň Türkmenistandaky ilçihanasy)

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň söwda we dokma toplumyna gözegçilik edýän orunbasary Batyr Atdaýew penşenbe güni Aşgabatda Ýewropa Bileleşiginiň ilçisi Beata Peksa bilen duşuşyk geçirdi. Duşuşygyň barşynda taraplar ÝB bilen Türkmenistanyň arasyndaky import-eksporty ýokarlandyrmaga ýardam berýän başlangyçlary öňe sürmäge taýýardyklaryny nygtadylar.

ÝB-niň Türkmenistandaky ilçihanasynyň habar bermegine görä, söhbetdeşligiň dowamynda Ýewropa Bileleşigine agza döwletler bilen Türkmenistanyň arasynda söwda gatnaşyklaryny ösdürmek baradaky umumy ygrarlylyk görkezildi..

Şeýle hem şol gün Ýewropa Bileleşiginiň ilçisi Beata Peksa Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän täze orunbasary Taňryguly Atahallyýew bilen duşuşdy.

Duşuşygyň dowamynda tejribe alyşmak we durnukly tejribäni ornaşdyrmak maksady bilen oba hojalygy hem-de daşky gurşawy goramak boýunça potensial hyzmatdaşlyga garaldy.

2022