Daşoguzdaky 17 sany orta mekdepde düýpli abatlaýyş işleri geçiriler

BIZNES TÜRKMENISTAN
Daşoguzdaky 17 sany orta mekdepde düýpli abatlaýyş işleri geçiriler
45-nji orta mekdebiň açylyş dabarasy, Türkmenistan.

Daşoguz welaýatynyň Daşoguz şäherinde, Şabat etrabynda, S.Türkmenbaşy etrabynda we Akdepe etrabynda ýerleşýän 17 sany orta mekdepde we Daşoguz şäherinde ýerleşýän 3 sany çagalar bagynda düýpli abatlaýyş işleri geçiriler.

Şunuň bilen baglylykda, Daşoguz welaýat häkimligi Daşoguz şäherindäki 7-nji, 31-nji, 32-nji, 35-nji orta mekdeplerde hem-de 16-njy, 26-njy we 35-nji çagalar baglarynda, Şabat etrabyndaky 3-nji, 4-nji, 13-nji, 4-nji, 28-nji, 34-nji, 39-njy, S.Türkmenbaşy etrabyndaky 54-nji, 55-nji, 56-njy, Akdepe etrabyndaky 14-nji, 59-njy we 112-nji orta mekdeplerinde düýpli abatlaýyş işlerini geçirmek üçin potratçylary seçip saýlap almak boýunça bäsleşik yglan edýär. Bu bäsleşik “Türkmenistan” gazetinde anna güni çap edildi.

Bäsleşik 2024-nji ýyl üçin medeni we durmuş maksatly desgalary düýpli abatlamak boýunça Döwlet býujeti tarapyndan goýberilen maliýe serişdeleriniň öz wagtynda we talabalaýyk özleşdirilmegini üpjün etmek maksady bilen yglan edildi.

Bäsleşige gatnaşmak üçin Türkmenistanda resmi tertipde bellige alnan ýerli edara kärhanalar çagyrylýar.

Teklipler 2024-nji ýylyň 3-nji fewralyna, sagat 9:00-dan 18:30-a çenli kabul edilýär.

2022