Aşgabat-Arkadag ugry: ýolagçy-ekspress otlusy 18 minutda barmaga mümkinçilik berer

BIZNES TÜRKMENISTAN
Aşgabat-Arkadag ugry: ýolagçy-ekspress otlusy 18 minutda barmaga mümkinçilik berer
“Türkmendemirýollary” agentligi bilen Russiýanyň “RŽD” demirýol kompaniýasynyň wekilleriniň arasynda geçirilen duşuşyk, 2024-nji ýylyň 30-njy ýanwary, Aşgabat, Türkmenistan.

“Türkmendemirýollary” agentligi bilen Russiýanyň “RŽD” demirýol kompaniýasynyň wekilleriniň arasynda sişenbe güni geçirilen duşuşykda Aşgabat bilen Arkadag şäherleriniň arasynda täze ugruň açylmagy ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu ugurda Türkmenistanyň paýtagty Aşgabat şäherinden Arkadag şäherine 18 minudyň dowamynda barmaga mümkinçilik berýän elektrikleşdirilen ýolagçy-ekspress otlusy hereket eder.

Türkmenistan habarlar portalynyň habaryna görä, duşuşygyň barşynda Demirgazyk – Günorta halkara ulag geçelgesiniň gündogar şahasy boýunça ýük daşamalaryny ösdürmek we Gyzylarbat şäherinde ýerleşýän “Demirýollary” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň Wagon abatlaýyş zawodyny döwrebaplaşdyrmak ýaly infrastruktura taslamalarynyň durmuşa geçirilmegi hem maslahatlaşyldy.

Mundan başga-da, ulag pudagynda netijeli türkmen-rus gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga gönükdirilen ýeke-täk logistika operatoryny döretmek we Russiýanyň “RŽD” demirýol kompaniýasynyň Türkmenistanda wekilhanasyny açmak meýilleşdirilýär.

Duşuşygyň netijeleri boýunça “RŽD Logistika” paýdarlar jemgyýeti bilen "Türkmenistanyň Ulag-logistika merkezi" AGPJ-niň arasynda goşmaça Ylalaşyga, şeýle hem “RŽD International” bilen “Demirýollary” AGPJ-nyň arasynda degişli resminamalara, “RŽD Logistika” paýdarlar jemgyýeti bilen "Türkmenistanyň Ulag-logistika merkezi" AGPJ-niň arasynda Gyzylarbat şäherinde ýerleşýän Wagon abatlaýyş zawodyny döwrebaplaşdyrmak boýunça taslamanyň durmuşa geçirilmegi boýunça resminama gol çekildi.

2022