Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredow anna güni sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde häzirki wagtda Ýewropanyň Täzeleniş we ösüş bankynyň (ÝTÖB) maliýe serişdeleriniň hasabyna Türkmenistanda 22 sany taslamany durmuşa geçirmek boýunça degişli işleriň alnyp barylýandygyny aýtdy.
Türkmenistanyň resmi metbugatynyň habar bermegine görä, Raşid Meredow Türkmenistanyň 1992-nji ýylyň 1-nji iýunyndan bäri Ýewropanyň Täzeleniş we ösüş bankynyň agzasy bolup durýandygyny aýtdy we 30 ýyldan gowrak wagtyň dowamynda ÝTÖB-niň maliýe serişdeleriniň hasabyna ýurtda 87 sany taslamanyň amala aşyrylandygyny mälim etdi.
Şeýle hem Türkmenistanyň daşary işler ministri Türkmenistan bilen Ýewropanyň Maýa goýum bankynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça durmuşa geçirilýän çäreler barada hasabat berdi.
Mejlisiň barşynda wise-premýer Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa Türkmenistan bilen Ýewropanyň Maýa goýum bankynyň arasynda netijeli hyzmatdaşlygy ýola goýmak, hususan-da, Çarçuwaly ylalaşygyň taslamasyna degişli gepleşikleri geçirmek ýaly meseleler boýunça tekliplerini beýan etdi.
Türkmenistanyň döwlet Baştutany ýurduň daşary işler ministrine Türkmenistan bilen Ýewropanyň Maýa goýum bankynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça işleri dowam etdirmegi, ýurtda durmuşa geçirilýän taslamalara bu halkara bankyň maýa goýumlaryny çekmek boýunça zerur işleri geçirmegi tabşyrdy.
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde käbir resminamalaryň taslamalaryna hem-de döwlet durmuşyna degişli ileri tutulýan meselelere garaldy.