Türkmen mikrobiology suwuň sarp edilişini azaldýan dökün işläp taýýarlady

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmen mikrobiology suwuň sarp edilişini azaldýan dökün işläp taýýarlady
Türkmen mikrobiology Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Tehnologiýalar merkeziniň barlaghanasynda ylmy-barlag işlerini geçirýär.

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Tehnologiýalar merkezinde işleýän türkmen mikrobiolog alymy Hudaýberdi Muhammedow Türkmenistanda suwy tygşytlamaga we oba hojalyk işini ýokarlandyrmaga ýardam edýän dökün işläp taýýarlady. Bu mineral dökün birnäçe aýratynlyklara eýe bolup, ol suwy tygşytlamaga ýardam edýär, topragyň mehaniki we himiki düzümini gowulandyrýar, öz-özüni ödeýär we önümiň hilini ýokarlandyrmaga şert döredýär. Bu barada “Neýtralnyý Türkmenistan” gazetiniň şenbe güni çap edilen sanynda habar berilýär.

Deňeşdirme barlaglaryny geçirmek üçin Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň çäginde “Sahabatly” hojalyk jemgyýetine degişli iki ýer bölegi saýlanyp alyndy. Barlag işleri geçirilýän ýer böleginde bugdaý tohumy bilen birlikde her gektara 500 kilogram möçberde seolit sepildi. Biogoşundynyň işiniň netijeliligi dört görnüşli saprofit bakteriýalary, şol sanda azot emele getiriji, şora durnukly laktony ulanmakda jemlenýär.

Şol bir mineral we organiki dökünleri ulanmak, şeýle-de suwaryş çyglylygyny şol bir derejede saklamak şertlerinde ekini ösdürip ýetişdirmegiň däp bolan usullaryna garanda barlag geçirilen ýerden 950 kilogram köp bugdaý hasyly ýygnaldy.

Alnan bugdaý hasyly Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrliginiň hünärmenleriniň gatnaşmaklarynda barlaghanada barlaglardan geçirildi. Bu barlaglar alnan bugdaý ununy birinji derejeli önüme degişli edip boljakdygyny görkezdi. Şeýle usulda her gektar ýerden alynýan hasyly 20 göterime çenli artdyryp boljakdygy çaklanylýar.

Habarda bellenilişi ýaly, Hudaýberdi Muhammedowyň işläp taýýarlan hasyllylygy artdyrmak tehnologiýasy Katar Döwletinde hem gyzyklanma eýe boldy. Degişli usuly bu ýurtda synag esasynda ulanyp görmek meýilleşdirilýär.

Ikinji oýlap tapyş – bu guşlaryň öndürijiligini artdyrmaga we dürli kesellere durnuklylygyny ýokarlandyrmaga şert döredýän guş iýmine goşulýan biogoşundydyr. Goşundynyň düzüminde suwotular, seolit, aktiwleşdirilen kömür we beýleki peýdaly serişdeler bar.

Bu önüm ýetmezçilik edýän peýdaly maddalaryň öwezini dolýan we guşlaryň organizminiň mikroflorasyny dikeldýän gyzyl kaliforniýa gurçugynyň ulanylmagy esasynda işlenilip taýýarlanyldy. Ýerli tebigy serişdelerden taýýarlanylýan ýokary täzeçillige eýe bolan önüm guşlaryň zootehnika görkezijilerini gowulandyrmaga mümkinçilik berýär.

Täze önümleri ýerli oba hojalyk önüm öndürijilere ulanmagy maslahat berýän alymlar olary eýýäm daşarky bazarlara hem çykardylar.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022