Owganystan Türkmenistan bilen söwda gatnaşyklarynyň giňeldilmegini goldaýar

BIZNES TÜRKMENISTAN
Owganystan Türkmenistan bilen söwda gatnaşyklarynyň giňeldilmegini goldaýar
Owganystanyň daglyk ýerlerinden geçip barýan ýük awtoulaglary. (Surat: “Ariana News” agentligi)

Owganystan Türkmenistan bilen söwda gatnaşyklarynyň giňeldilmegini goldaýar diýip, ýurduň hökümetiniň metbugat sekretary Zabihulla Mujahid belledi. Bu barada Owganystanyň “TOLOnews” agentligi çarşenbe güni habar berdi.

Zabihulla Mujahidiň aýtmagyna görä, Owganystana sapar bilen baran türkmen wekiliýeti ýurduň maliýe, söwda we üstaşyr pudaklarynyň wekilleri bilen gepleşikleri geçirdi.

Iki döwletiň wekilleriniň arasynda geçirilen gepleşikleriň esasy mowzugy iki gezek salgyt salynmagynyň öňüni almakdan, söwda gatnaşyklaryny pugtalandyrmakdan we ýurtlaryň arasynda maýa goýumlaryny höweslendirmekden ybarat boldy.

Habarda bellenilişi ýaly, ýakyn wagtda iki ýurduň ýokary derejeli salgyt wekiliýetleriniň arasynda duşuşyk geçiriler.

Geçen ýyl Türkmenistan bilen Owganystanyň arasyndaky daşary söwda dolanyşygy 481 million ABŞ dollaryna barabar boldy. Owganystan Türkmenistandan, esasan hem elektrik energiýa, gaz we nebit, şeýle hem mermer, guradylan miweleri we alkogolsyz içgileri import etdi.

2022