Türkmen telekeçileri Gazagystanda dokma önümlerini we bitum öndürmäge gyzyklanma bildirýärler

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmen telekeçileri Gazagystanda dokma önümlerini we bitum öndürmäge gyzyklanma bildirýärler
Türkmenistanyň we Gazagystanyň işewürlik toparynyň duşuşygy, 2024-nji ýylyň 19-23-nji fewraly, Astana, Gazagystan. (Surat: Türkmenistanyň Gazagystandaky ilçihanasy)

Türkmenistanyň işewürlik toparynyň wekilleri şu ýylyň 19-23-nji fewraly aralygynda Gazagystana amala aşyrylan işewürlik saparynyň çäklerinde "Astana-Tehnopolis" ýörite ykdysady zolagynyň senagat parkynyň kärhanalaryna baryp gördüler. Türkmen işewürleri bu ýerde tekstil hem-de bitum önümçiligini ýola goýmak, öndürilen önümleri Gazagystanda ýerlemek mümkinçiliklerine gyzyklanma bildirdiler.

Türkmen telekeçiler wekiliýetiniň düzümi dokma senagatynyň wekillerinden we gurluşyk önümlerini öndürijilerden ybarat boldy. Bu barada Türkmenistanyň Gazagystan Respublikasyndaky ilçihanasy anna güni habar berdi.

Işewürlik saparynyň barşynda türkmen işewürleri Astana şäheriniň maýa goýumlar we telekeçilik boýunça müdirliginiň ýolbaşçylary, şeýle hem "Astana Invest" şäher maýa goýumlaryny ösdürmek merkezi" hem-de "Astananyň ösüş merkezi" jogapkärçiligi çäkli ýoldaşlyk jemgyýetleriniň wekilleri bilen duşuşdylar.

Duşuşyklaryň barşynda türkmen işewürleri paýtagt şäheriň ýörite ykdysady zolagynyň çäklerinde maýa goýum taslamalaryny durmuşa geçirmegiň gurallary hem-de maýa goýum şertnamalary boýunça maglumatlar bilen tanyşdyryldy.

Saparyň dowamynda Türkmenistanyň we Gazagystanyň telekeçileri maýa goýum hyzmatdaşlygy, gurluşyk, himiýa senagaty we innowasiýa giňişligi bilen bagly meseleleriň giň toplumyny ara alyp maslahatlaşdylar. Gazagystan tarapy maýa goýum taslamalary durmuşa geçirmekde türkmen tarapyna hemmetaraplaýyn ýardam etmäge taýýardygyny mälim etdi.

Türkmen telekeçileri "Kazakh Invest" Milli kompaniýasynyň we "QazTrade-iň" söwda syýasatyny ösdürmek merkezi" paýdarlar jemgyýetiniň ýolbaşçylary bilen duşuşdylar hem-de gazak işewürleri bilen işewürlik gepleşiklerini geçirdiler.

Ýakyn wagtda Almaty, Şymkent, Aktau we Astana şäherlerine işewürlik saparlarynyň guralmagy gazak-türkmen söwda-ykdysady hem-de maýa goýum hyzmatdaşlygyny ösdürmek babatda alnyp barylýan işleriň özboluşly dowamy bolar.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022