Gurbanguly Berdimuhamedowyň Özbegistana sapar etmegine garaşylýar

BIZNES TÜRKMENISTAN
Gurbanguly Berdimuhamedowyň Özbegistana sapar etmegine garaşylýar
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasynda geçirilen duşuşyk, 2023-nji ýylyň 4-nji awgusty, Aşgabat, Türkmenistan. (Surat: Özbegistanyň Prezidentiniň metbugat gullugy)

Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa ugradan hatynda onuň Özbegistana amala aşyrjak saparynyň özara hyzmatdaşlygyň has-da ösdürilmegine, bilelikdäki möhüm taslamalaryň, maksatnamalaryň durmuşa geçirilmegine mynasyp goşant goşjakdygyna berk ynanýandygyny aýtdy.

Türkmenistanyň resmi metbugatynyň duşenbe güni habar bermegine görä, Özbegistanyň Prezidenti iki ýurduň arasyndaky köpasyrlyk dostlugy, hoşniýetli goňşuçylygy we strategik hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmak hakynda iberen haty üçin Gurbanguly Berdimuhamedowa tüýs ýürekden hoşallygymy beýan etdi.

“Türkmen halkynyň beýik ogly, akyldar şahyr Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllyk ýubileýini Özbegistanda giňden bellemek baradaky Kararymyz babatda Siziň pikiriňiz meniň üçin örän gymmatlydyr” diýip, özbek Lideriniň hatynda bellenilýär.

Şeýle hem Şawkat Mirziýoýew Magtymgulynyň döredijiligine bagyşlanyp, Özbegistanda şu ýyl geçirilmegi meýilleşdirilen çäreleri guramaga türkmen tarapynyň işjeň gatnaşjakdygyna umyt edýändigini we bu çäreleriň Magtymgulynyň ýubileýine mynasyp goşant boljakdygyna ynanýandygyny aýtdy.

Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew ugradan hatynyň ahyrynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa we onuň ýakynlaryna berk jan saglyk, uzak ömür, maşgala abadançylygyny, rowaçlyk, alyp barýan işibde täze üstünlikleri, Türkmenistanyň doganlyk halkyna bolsa parahatçylyk, mundan beýläk-de ösüş, abadançylyk arzuw etdi.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022