Ispaniýanyň işewür wekiliýeti ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmek maksady bilen Türkmenistana geldi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Ispaniýanyň işewür wekiliýeti ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmek maksady bilen Türkmenistana geldi
Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow bilen Ispaniýanyň Türkmenistandaky Ilçisi (oturýan ýeri Moskwa şäheri) Markos Gomes Martineziň arasynda geçirilen duşuşyk, 2024-nji ýylyň 13-nji marty, Aşgabat, Türkmenistan.

Ispaniýanyň işewür toparlarynyň ýokary derejeli wekiliýeti iş sapary bilen Türkmenistana geldi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-i çarşenbe güni habar berdi.

Habarda bellenilişi ýaly, Ispaniýanyň wekiliýetiň düzümi “Ibertest”, “Nobargi”, “Typsa”, “Cesce”, “Tubacex”, “Almar Water”, “Teltronic” ýaly 11 sany ispan kompaniýasynyň wekillerini öz içine aldy.

Ispan wekiliýetiniň saparynyň çäginde Türkmenistanyň 20-ä golaý ministrliginiň we müdirliginiň ýolbaşçylary bilen duşuşyklary geçirmek meýilleşdirilýär. 

Mundan başga-da, Ispaniýanyň işewür toparlarynyň wekiliýetiniň Türkmenistana iş saparynyň çäginde Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow bilen Ispaniýanyň Türkmenistanda Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi (oturýan ýeri Moskwa şäheri) Markos Gomes Martineziň arasynda duşuşyk geçirildi.

Duşuşygyň barşynda diplomatlar ikitaraplaýyn gün tertibindäki häzirki meseleleri, hukuk binýady giňeltmek, şeýle hem ýokary derejeli aragatnaşyklary we medeni-ynsanperwer häsiýetli çäreleri guramagy ara alyp maslahatlaşdylar. Şeýle hem taraplar bu saparyň Türkmenistan bilen Ispaniýanyň arasyndaky söwda-ykdysady gatnaşyklary pugtalandyrmak üçin nobatdaky ädim boljakdygyny bellediler.

2022