TDHÇMB: BAE-niň işewürleri $26,95 millionlyk karbamid satyn aldylar

BIZNES TÜRKMENISTAN
TDHÇMB: BAE-niň işewürleri $26,95 millionlyk karbamid satyn aldylar
“B” kysymly karbamid

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda (TDHÇMB) penşenbe güni daşary ýurt puluna geçirilen söwdalarda Birleşen Arap Emirlikleriniň işewür toparlarynyň wekilleri jemi bahasy 26 million 950 müň ABŞ dollaryna barabar bolan “B” kysymly karbamid satyn aldylar.

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň habar bermegine görä, Owganystandan we Pakistandan gelen telekeçiler daşary ýurt puluna “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen suwuklandyrylan gaz satyn aldylar. Geleşikleriň jemi bahasy 5 million 205 müň 200 ABŞ dollaryna deň boldy.

Şeýle hem BAE-niň işewüri 550 müň ABŞ dollaryna barabar bolan ýönekeý gaplama örtügini, Azerbaýjanyň telekeçisi bolsa umumy bahasy 12 million 6 müň ABŞ dollaryna deň bolan nah ýüplügini satyn aldy.

Içerki bazar üçin ýerli telekeçiler nah ýüplügini, düz aýna satyn aldylar. Birža söwdalarynda baglaşylan bu geleşikleriň umumy bahasy 13 million 199 müň 266,26 manada barabar boldy.

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda geçen hepdede daşary ýurt puluna geçirilen söwdalaryň jemi bahasy 109,6 million ABŞ dollaryndan geçdi.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022