Türkmenabadyň himiýa zawody 42,3 müň tonna fosforly mineral dökün öndürdi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenabadyň himiýa zawody 42,3 müň tonna fosforly mineral dökün öndürdi
Ösümlige fosforly mineral dökün berilýär.

Türkmenabadyň S.A.Nyýazow adyndaky himiýa zawodynda 2024-nji ýylyň ýanwar-mart aýlarynda 42 müň 300 tonna fosforly mineral dökün öndürildi.

“Türkmen gündogary” gazetiniň penşenbe güni beren maglumatyna görä, zawodyň hünärmenleri fosforly mineral dökünini öndürmek boýunça meýilnamany 124,4 göterim ýerine ýetirdiler.

Şeýle hem buýurmalara görä şu ýylyň başyndan bäri zawodda kükürt kislotasynyň 29 müň 600 tonnasy öndürildi.

Habarda bellenilişi ýaly, zawodda öndürilýän senagat ähmiýetli kükürt kislotasy ýurduň çägindäki senagat kärhanalary tarapyndan giňden peýdalanylýar.

1960-njy ýylda gurlan Türkmenabadyň himiýa zawody häzirki wagtda Türkmenistanda iň uly himiýa önümçiliginiň biridir.

Häzirki döwürde zawodda himiki önümleriň dürli görnüşleri, ýagny ammoni superfosfaty, kükürt kislotasy, dökünlik meliorant, oksigumat, alýuminiý sulfaty (koagulýant), kislorod, polimer önümleri (polietilen turbalary, plýonkalar we başgalar) öndürilýär.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022