“UN-Habitat” maksatnamasynyň hünärmenleriniň Türkmenistana saparyny guramak meýilleşdirilýär

BIZNES TÜRKMENISTAN
“UN-Habitat” maksatnamasynyň hünärmenleriniň Türkmenistana saparyny guramak meýilleşdirilýär
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen BMG-niň Ilatly nokatlar boýunça maksatnamasynyň Ýerine ýetiriji direktorynyň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji Mihal Mlynaryň arasynda geçirilen duşuşyk, 2024-nji ýylyň 16-njy apreli, Aşgabat

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow sişenbe güni Aşgabatda Birleşen Milletler Guramasynyň (BMG) Ilatly nokatlar boýunça maksatnamasynyň (UN-Habitat) Ýerine ýetiriji direktorynyň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji Mihal Mlynary kabul etdi.

Söhbetdeşligiň başynda Mihal Mlynar parahatçylyk döredijilikli syýasaty yzygiderli durmuşa geçirýän, sebit we halkara hyzmatdaşlyk meselelerinde möhüm orny eýeleýän Bitarap Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň öňden gelýän ygtybarly hyzmatdaşy bolup durýandygyny nygtady. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.

Türkmenistanyň Prezidenti ýurtda “UN-Habitat-nyň” wekilhanasyny açmak meselesiniň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň häzirki wagtda dowam edýän 78-nji sessiýasynda Türkmenistan üçin ileri tutulýan ugurlaryň biri bolup durýandygyny belledi.

Şeýle hem Türkmenistanyň döwlet Baştutany şu ugurdaky ilkinji ädim hökmünde hyzmatdaşlygyň anyk ugurlaryny kesgitlemek, netijede, taslamalaýyn resminamany işläp düzmek üçin BMG-niň Ilatly nokatlar boýunça maksatnamasynyň hünärmenlerinden ybarat bolan toparyň Türkmenistana saparyny guramagy teklip etdi.

Duşuşykda ýokary tehnologiýaly, ekologik taýdan arassa, tebigy betbagtçylyklara durnukly, durmuş taýdan amatly şäherleri ösdürmek boýunça ählumumy maksatnamalary, strategiýalary durmuşa geçirmekde hyzmatdaşlyk etmek, şäher infrastrukturasyny gurmakda we dolandyrmakda döwlet hem-de hususy pudagyň arasyndaky hyzmatdaşlyk boýunça öňdebaryjy tejribeleri paýlaşmak teklip edildi.

Mundan başga-da, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow şol gün Pakistanyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Ahsan Wagany kabul etdi. 

Duşuşykda Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan (TOPH) transmilli gaz geçirijisini gurmak, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan (TOP) ugry boýunça optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamyny we elektrik geçirijisini çekmek taslamalaryny durmuşa geçirmegiň depginini mundan beýläk-de işjeňleşdirmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

2022